— Ýaňy-ýakynda berkararlygymyzyň hem bagtyýarlygymyzyň gözbaşy bolan beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 29 ýyllyk baýramy hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda giňden bellenilip geçildi.
Saýat etrabynyň Sakar şäherindäki 2-nji sport mekdebinde TDP-niň Saýat etrap komitetiniň, etrap bilim bölüminiň, etrap sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň bilelikde guramaklarynda «Saglygym bar — baýlygym bar» ady bilen ýetginjekleriň arasynda kiçi futbol boýunça ýaryş geçirildi. Ýaryşda ýetginjekler toparlary bäsleşdiler. Bäsleşikde öňe saýlananlara TDP-niň Saýat etrap komiteti tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Ähli ýerde bolşy ýaly, TDP-niň Saýat etrap komitetiniň ilkinji guramalarynda hem hasabat-saýlaw ýygnaklary guramaçylykly geçirilýär. Ilkinji guramanyň işlerine baha berlip, goýberilen säwlikleri düzetmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşylýar.
Ýakynda Saýat etrabynyň Sakar şäher medeniýet öýünde etrap häkimliginiň, TDP-niň etrap komitetiniň, TMÝG-niň Saýat etrap Geňeşiniň, TKA-nyň bilelikde gurnamaklarynda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi.
Bolup geçýän ýurt ähmiýetli wakalar biziň guramamyzyň işiniň esasy ugurlaryny kesgitleýär. Sebäbi olara wagtynda seslenmek, olaryň ähmiýetini arasynda düşündirmek, wagyz etmek biziň guramamyzyň tertipnamalaýyn wezipeleriniň bir bölegi bolup durýar.
Ýakynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Saýat etrap komiteti «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly mynasybetli Saýat etrabynyň Sakar şäher Medeniýet öýünde il sylagly ýaşulularyň, eneleriň, dürli kärde zähmet çekýän işjeň partiýa agzalarynyň hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda «Rowaçlygyň ak ýoly» ady bilen aýdym-sazly dabara geçirdi.