Komitetler

TDP-niň Sakarçäge etrap komiteti

Ýeňişli menzilleriň senesi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Arkadag Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, Bitarap döwletimiz ösüş-özgerişleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyny uly üstünlikler, belent sepgitler bilen şöhratlandyrýan türkmen halky bagtyýar ertirine barýar. Üstümizdäki ýylyň sözüň doly manysynda taryhy wakalaryň ýyly bolýandygyny ýatlamak guwanç duýgusyny döredýär.

Turkmen

ŞU GÜNÜŇ MÖHÜM WEZIPELERI

Golaýda etrabymyzyň medeniýet öýünde etrabymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň gurnamagynda maslahat geçirildi. Maslahata etrabyň edara-kärhanalarynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýaşuly nesiliň wekilleri, ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli karardyr çözgütler ara alnyp maslahatlaşyldy. Olary halk köpçüliginiň arasynda wagyz-nesihat etmegiň meselelerine garaldy.

Turkmen