Asuda asmanyň astynda, bereketli topragynyň üstünde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz gün-günden ösýär, gözelleşýär, özgerýär. Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, ulgamlarynda henize çenli görlüp-eşidilmedik ýokary netijeler, ösüşler gazanylýar. Elbetde, bu ösüşlerde gazanylan guwandyryjy zähmet üstünliklerinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň işjeň agzalarynyň hem saldamly goşantlary bar. Häzirki wagtda olar eziz Watanymyzyň mundan beýläkde gülläp ösmegi üçin gujur-gaýratly, öndürijilikli zähmet çekýärler.