1995-nji ýylyň 12-nji dekabry Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň ykrarnamasy bolup altyn harplar bilen taryha ýazyldy. Türkmenistanyň Bitaraplygy diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem, bütin dünýä bileleşiginiň gymmatlygydyr. Bitaraplyk asuda ýaşaýşyň, agzybir, parahat durmuşyň ertirki geljegine ynamyň kepilidir. Türkmen halky özüniň asyrlar boýy arzuwlap gelen mukaddes Garaşsyzlygyna, baky Bitaraplygyna çäksiz sarpa goýýar. Bu iki mukaddesligi başynyň täji hasaplaýar.