Komitetler

TDP-niň Türkmenabat şäher komiteti

Buýsanja beslendi

Golaýda Türkmenabat şäherinde Lebap welaýat häkimliginiň 13-nji gurluşyk-gurnama müdirliginde baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramyna bagyşlanan wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.

Turkmen

BERKARARLYGYŇ WE BAGTYÝARLYGYŇ BEÝIK BAÝRAMY

Halkymyzyň alnyndan bagt kuýaşy bolup dogan beýik Garaşsyzlygymyzyň hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda uludan toýlanan 29 ýyllyk şanly baýramy döwletli Diýarymyzyň asudalygynyň, abadançylygynyň, parahatçylyk söýüji, zähmetsöýer, merdana halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň ýene bir ýola aýdyň ýüze çykmasy bolup, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk toýuna barýan Arkadagly Watanymyzyň bedew batly ösüşlerini täze many-mazmun bilen baýlaşdyrdy. 

Turkmen

ÖZGERIŞLI DÖWRÜŇ ŞANLY ROWAÇLYKLARY

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda beýik ösüşlere we özgerişlere barýan Watanymyz gün-günden pajarlap ösýär. Güneşli Diýarymyzda arzuwlar wysala ýetip, maksatlar myrat tapýar. Hormatly Arkadagymyzyň başlangyçlarynyň, taýsyz-tagallalarynyň, irginsiz aladalarynyň netijesinde halkymyzyň saglygyny gorap saklamak, sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa doly ornaşdyrmak babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. 

Turkmen

MILLI MIRASYMYZYŇ GENJI-HAZYNASY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe güneşli Türkmenistan Diýarymyzyň her güni uly üstünliklere, şanly wakalara, il-ýurt bähbitli işlere beslenýär. Gün-günden gülläp ösýän ýurdumyzda toýlar toýa ulaşýar. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzda bellenilýän baýramçylyklar uly ruhubelentlik bilen ýokary derejede geçirilýär.

Turkmen

HOŞALLYK SÖZLERI BELENTDEN ÝAŇLANDY

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat, Türkmenabat şäher komitetleriniň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda, işjeň partiýa agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenabat şäheriniň «Arzuw» toý mekanynda geçirilen «Ýurdumyz gül açýar, jennete dönýär» atly çaý başyndaky aýdym-sazly dabarada belent heňde ýerine ýetirilen hoş owazly aýdymlar Gahryman Arkadagymyzyň adyna aýdylan hoşallyk sözleri bilen utgaşyp gitdi.

Turkmen

GARAŞSYZLYK GUWANJYMYZDYR

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň guramagynda Türkmenabat şäheriniň «Lebap» toý mekanynda ýaşuly nesliň wekilleriniň we dürli pudaklarda zähmet çekýän işjeň partiýa agzalarynyň gatnaşmagynda aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Turkmen