Komitetler

TDP-niň Tejen şäher komiteti

Bagtymyzyň gözbaşy

Dünýäde parahatçylygy üpjün etmek, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Dünýä döwletleri we iri halkara guramalary Garaşsyz Türkmenistany ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ykrar edýär.

Turkmen

Baýramçylyk dabarasy

Ýakynda TDP-niň Tejen şäher komitetiniň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda Tejen şäherindäki Medeniýet öýünde baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi. Bu ýerde edilen çykyşlarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak maksady bilen öňe sürýän başlangyçlarynyň bütin dünýäde giňden goldanylýandygy hem-de ykrar edilýändigi barada buýsançly bellenildi.

Turkmen

SAGLYGYM — BAŞ BAÝLYGYM

Şeýle at bilen Tejen şäherindäki Karbamid zawodynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Şäher häkimliginiň meýilnamasy esasynda geçirilen maslahata bu zawodyň işgärleri gatnaşdy.

«Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen ýörelgeden ugur alan maslahatyň esasy maksady ildeşlerimiziň dürli kesellere garşy goranyjylyk ukybyny ýokarlandyrmakdan we keselleriň öňüni almakdan ybarat boldy. Şu günler agyz-burun örtüklerini dakynmagyň emele gelip biläýjek keselleriň öňüni alýandygy, ony dakynmagyň düzgünleri barada aýdyldy.

Turkmen

ULAG ULGAMY ÖSÜŞDE

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ulag ulgamynyň ähli görnüşlerini döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyz üçin ykdysady taýdan bähbitli bolan täze gatnaw ugurlaryny ösdürmek uly ähmiýete eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan ulag toplumynyň ösüşiniň esasy aýratynlygy ýurdumyzyň, şeýle-de sebitleriň ösüşi üçin ykdysady taýdan bähbitli bolan halkara ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşyklydyr. Ulag ulgamyny kämilleşdirmek hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan durmuş ugurly syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar.

Turkmen

ÝURDUMYZDA SANLY YKDYSADYÝET

Hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» gol çeken Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň innowasion ösüşine badalga berildi.

Turkmen

DÖWLETLI IŞLER

TDP-niň Tejen şäher komiteti «Tejenkarbamid» zawodynda, şäher hassahanasynda, Süleýman Demirel adyndaky pagta egirme fabriginde hem-de şäher «Elektrikaragatnaşyk» ulgamynda wagyz-nesihat maslahatlaryny geçirdi.

Turkmen

TÄZE ÝYLYŇ ŞAT TOÝUNDA

Tejen şäheriniň medeniýet öýünde Täze, 2020-nji ýylyň — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. 

Turkmen

ATA-BABALARYMYZYŇ ÝÖRELGESI

Gahryman Arkadagymyz «Döwlet syýasatynda, wagyz etmek işinde we ýaşlary terbiýelemekde ilkinji nobatda ruhy mirasymyzy mysal hökmünde öňe sürmelidiris.

Turkmen

SAGDYN DURMUŞ WAGYZ EDILDI

TDP-niň Tejen şäher komiteti şäher hassahanasynda raýat jemgyýetimiziň sagdyn durmuş ýörelgesini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, partiýanyň işjeň agzalarynyň maslahatyny geçirdi.

Turkmen

ÖŇDE TÄZE WEZIPELER

TDP-niň Tejen şäher komitetiniň şäheriň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde geçiren ýygnagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň öňde goýan täze wezipelerini berjaý etmegiň meseleleri giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.

Turkmen