Komitetler

TDP-niň Tejen etrap komiteti

BAKY BAGTYŇ ÇYRAGY

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde her bir günümiz toýdur baýrama, satlyk-şowhuna beslenýär. Eziz Diýarymyz BMG tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp, parahatçylyk söýüji syýasatyny yzygiderli ýöredýär we dünýäde oňyn gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda çykyş edip, ençeme işleri durmuşa geçirýär.

Turkmen

IL SAGLYGY — ÝURT BAÝLYGY

TDP-niň Tejen etrap komitetiniň guramagynda etrapdaky 5-nji orta mekdepde «Sagdyn durmuş — bagtyýarlygyň özeni» ady bilen wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Oňa etrap häkimliginiň, etrap hassahanasynyň, etrabyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna göreşmek gullugynyň wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, mekdep mugallymlary, işjeň partiýa agzalary gatnaşdy.

Turkmen

HALK BÄHBITLI TÄZE DESGALAR

Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda eziz Diýarymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 185 döwletiň goldamagynda baky Bitarap ýurt diýlip yglan edilmegi bilen bilelikde «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilenine hem 25 ýyl doldy. Taryh üçin o diýen uly möhlet bolmasa-da, 25 ýylyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, halkymyzyň saglygyny goramak we berkitmek, adamyň saglygyna ýaramaz täsirini ýetirýän zyýanly endiklerden saplanmak ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylýar.

Turkmen

ŞANLY TOÝUŇ ŞANYNA

Ýakynda ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanyp etrabymyzyň Medeniýet öýünde «Bitaraplyk — dilde dessan, öňe barýar Türkmenistan» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. TDP-niň Tejen etrap komitetiniň etrap häkimligi we beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guran baýramçylyk dabarasynda edilen çuň many-mazmunly çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda baky Bitarap döwletimiziň bedew batly ösüşleri hem bagtyýar zamanamyzda ýeten belent sepgitleri barada buýsançly gürrüň edildi.

Turkmen

WAJYP DUŞUŞYKLAR

Gahryman Arkadagymyz bize ähli tagallalarymyzy ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan sagdynlygynyň sazlaşykly utgaşmagyny üpjün etmäge gönükdirmegi sargyt edýär.

Turkmen