Komitetler

TDP-niň Wekilbazar etrap komiteti

Şöhratly menziller

Bu gün Türkmenistan Diýary Gahryman Arkadagymyzyň “Öňe, diňe öňe, jan Watanym, Türkmenistan!” diýen ganatly setirlerini özüne baýdak edinip, ak ýollardan röwşen geljege bedew bady bilen ynamly barýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz arzuwlaryň hasyl bolýan ajaýyp jenneti mekanyna öwrüldi.

Turkmen

ŞAN-ŞÖHRATY DÜNÝÄ DOLÝAN AŞGABAT

Häzirki wagtda Milli Liderimiziň tagallalary bilen gözel paýtagtymyz ösüşiniň täze döwrüni başdan geçirýär. Ak mermerli paýtagtymyz örän gysga döwrüň içinde üçünji müňýyllygyň ajaýyp şäherine öwrüldi. Aşgabadyň öz boluşly binalarynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna birnäçe gezek girizilmegi ýurdumyzy baş şäherinde amala aşyrylýan özgertmeleriň tutuş dünýä üçin nusga alarlyk mysaly bolup durýar.

Turkmen

ERKANALYGYŇ BAÝRAMY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe nesilden-nesle geçip gelýän milli baýramlarymyza aýratyn uly sarpa goýulýar. Olar halkymyzyň bolelin, bagtyýar ýaşaýan döwründe mynasyp dowam etdirilip, döwrebap öwüşginlere eýe bolýar. Her ýyl halkymyz uly dabara bilen Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi belläp geçýär.

Turkmen

DIÝARA ŞAN GETIRÝÄN ÝYL

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, Türkmenistan parahatçylygyň, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň hatyrasyna işjeň daşary syýasatyny alyp barýar. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy dünýä giňişliginde ýurdumyzyň amala aşyrýan halkara işlerinde berk esas bolup hyzmat edýär. Hemişelik Bitarap döwletimiziň daşary syýasy strategiýasynyň esasy maksady dünýä bileleşigi bilen parahatçylygyň we hoşniýetli hyzmatdaşlygyň hatyrasyna iki taraplaýyn we köp taraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginden ybaratdyr.

Turkmen

Täsirli maslahat

TDP-niň Mary welaýat, Wekilbazar etrap komitetleriniň welaýat saglygy goraýyş müdirligi bilen Mollanepes adyndaky şäherçäniň Medeniýet öýünde geçiren maslahatynda bagtyýar zamanamyzda milli kanunçylygymyzyň ösüşi, Gahryman Arkadagly Diýarymyzda halkymyzyň eşretli zamananyň hözirini görüp ýaşaýandygy, ata Watanymyzyň belent sepgitleri eýeläp, bedew bady bilen öňe barýandygy buýsanç bilen bellenilip geçildi.

Turkmen

TÄZE ÝEŇIŞLERE TARAP

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasy dünýäniň 185 döwletiniň biragyzdan gollamagynda ilkinji gezek kabul edilen Kararnamasy bilen ykrar edilenine şu ýyl 25 ýyl dolýar. Şol döwürden bäri geçen wagt ýurdumyzy syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösdürmekde gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler, döwletimiziň eýe bolan halkara abraýy saýlanyp alnan ýoluň dogrudygyny aýdyň görkezdi.

Turkmen

DOST-DOGANLYK ÝÖRELGÄMIZ

Gözel Diýarymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, ýurdumyzyň halkara abraýyny ýokarlandyrmak ugrunda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Bu günki gün ýurdumyzda ornaşdyrylýan özgertmeler mähriban halkymyzda ruhubelentlik we çäksiz buýsanç döredýär. Hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary astynda durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler syýasaty ähli pudaklarda öňegidişlikleriň gazanylmagy bilen tapawutlanýar.

Turkmen

Konstitusion özgertmeler durmuşa geçirilýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz ynamly öňe barýar.

Turkmen

WATANYMYZYŇ HUKUK BINÝADY

Täze taryhy eýýamda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly meseleleriň ýurdumyzyň raýatlary we jemgyýetçiligi tarapyndan giňden ara alnyp maslahatlaşylýandygy, olardan ýüzlerçe teklipleriň gelip gowuşýandygy, ol teklipleriň içgin öwrenilip, göz öňünde tutulyp taýýarlanylan «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň taslamasyny giňden ara alnyp maslahatlaşmak boýunça alnyp barylýan işler möhüm ähmiýete eýedir. 

Turkmen

MILLI KANUNÇYLYGYMYZ KÄMILLEŞDIRILÝÄR

Ýakynda TDP-niň Mary welaýat we Wekilbazar etrap komitetleriniň Wekilbazar etrap häkimligi bilen bilelikde guramagynda etrabyň Medeniýet öýünde geçirilen maslahatda milli kanunçylygymyzyň kämilleşdirilişi, ata Watanymyzyň belent sepgitleri eýeläp, bedew bady bilen öňe barýandygy buýsanç bilen nygtaldy.

Turkmen

Pages