Bereketli hem sahawatly türkmen topragy irki döwürlerden bäri iň owadan, ýelden ýüwrük gamyşgulak bedewleriň mekany hasaplanýar. Türkmen halkynyň zehininiň, yhlasynyň, irginsiz zähmetiniň, tutanýerli hem yzygiderli alnyp barlan maksadaokgunly tohumçylyk-seçgi işiniň netijesinde döredilen ahalteke atlary ata-babalarymyzyň ruhy siňen keramatly türkmen topragynda kemal tapdy, kämilleşdi, müňýyllyklaryň dowamynda ajaýyp sungat derejesine ýetirildi. Ol atlar türkmen halkynyň taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.