Komitetler

Komitetler

  • WAGYZ-ÜNDEW DUŞUŞYGY

    TDP-niň Bäherden etrap komiteti halkymyzyň milli däp-dessurlaryny, ruhy gymmatlyklaryny we şöhratly taryhyny, sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz-nesihat etmek maksady bilen ýerlerde yzygiderli duşuşyklar geçirýär.

    Turkmen
  • DABARALY MASLAHAT

    Geçen hepdäniň anna güni Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy — berkarar Watanymyzyň mertebesi, buýsanjy» atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahaty Aşgabat şäher häkimligi Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde gurady. Maslahata şäher häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar.

    Turkmen
  • AÝDYŇ MAKSATDAN UGUR ALYP

    Ata Watanymyzda ýurt abadançylygynda arka atylýan her bir gün, her bir aýdyr ýyl ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenýär. Şu hakykatyň özem agzybirlikden, jebislikden rysgal-bereket tapan, halallyga, adalata, ynsanperwerlige, dostana gatnaşyklara ygrarly merdana il-ulsumyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sapaly durmuşa eýediginiň ykrarnamasydyr.

    Turkmen
  • BAGTYÝARLYK MUKAMY

    Gijäniň bir çene baranlygyna garamazdan, Oguljemal ejäniň gözlerine uky gelenokdy. Howlynyň töründe gurlan ak öýden eşidilip duran täsin mukamy başyny yrap diňläp otyrdy. 

    Turkmen
  • TÄSIRLI GEÇEN DUŞUŞYK

    Ýakynda TDP-niň Mary şäher komitetiniň welaýatyň bank-maliýe işgärleri bilen bilelikde guramagynda «Arassaçylyk saglygyň girewidir» atly duşuşyk geçirildi. Duşuşykda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip ýaşamagyň, işde, durmuşda, maşgalada arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmegiň ýurduň her bir raýaty üçin möhüm talap bolup durýandygy, munuň bolsa hemişe janyň sag bolmagynda, daş-töweregiň, tebigatyň gözelligini artdyrmakda uly ähmiýete eýedigine aýratyn üns çekildi.

    Turkmen
  • MÖHÜM WAKA BAGYŞLANYLDY

    Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Medeniýet merkezinde «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyna bagyşlanyp maslahat geçirildi. Maslahata etrap häkimliginiň, etrap jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ilkinji partiýa guramalarynyň başlyklary, bilim işgärleri, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular hem-de mährem eneler gatnaşdylar.

    Turkmen
  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    TDP-niň Çärjew etrap komitetiniň etrap häkimligi we beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda maslahat geçirilip, ol «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň taslamasyny giňden ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanyldy. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň gündelik durmuşynda bolup geçýän ajaýyp wakalardan, gülläp ösüşlerden ruhlanýan raýatlarymyz maslahata işjeňlik bilen gatnaşdylar.

    Turkmen
  • BUÝSANJA BESLENDI

    Serdar şäheriniň ähli mekdeplerinde okaýan ýokary synp okuwçylarynyň we olaryň ene atalarynyň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat dabarasy geçirildi.

    Turkmen
  • BELENT MAKSATLY IŞLER

    Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýinde sagdyn durmuş ýörelgesi boýunça wagyz-nesihat ýygnagy geçirildi. Oňa welaýatyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işjeň partiýa agzalary gatnaşdylar. Ýygnagyň dowamynda täsirli sowal-jogap alyşmalar hem boldy.

    Turkmen
  • TÄSIRLI GEÇEN DABARA

    Ýakynda TDP-niň Garagum etrap komitetiniň etrap häkimligi we beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda «Garagum» sport toplumynda «Sagdyn bedenli we bilimli ýaşlar röwşen geljegimiziň girewidir» atly dabara geçirildi. 

    Turkmen

Pages