Ýaşy togsana golaýlap ýören eneme obamyzyň adamlary köplenç Hazynamama diýip ýüzlenerdiler. Ýogsa, onuň hakyky ady Meretbikedi. Eneme Hazyna mama diýip ýüzlenilmeginiň sebäbi bolsa onuň daş-töweregindäkilere berýän ýagşy öwüt-ündewleriniň, maslahatlarynyň, edep-terbiýä, halallyga ýugrulan gyzykly gürrüňleriniň köplügi üçindi. Şonuň üçinem, onuň töweregi hemişe köp adamlydy.