Komitetler

Komitetler

  • IŞJEŇ HÄSIÝETE EÝE BOLDY

    Ýaşlaryň arasynda ruhy ahlak we medeni gymmatlyklarymyzy, hususan-da, sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmengala etrap Geňeşiniň we TDP-niň etrap komitetiniň «Ahlaklylyk sagdyn jemgyýetiň gözbaşydyr» ady bilen etrapdaky 2-nji orta mekdepde geçiren wagyz-nesihat duşuşygyna hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, saglygy goraýyş we bilim edaralarynyň işgärleri hem işjeň gatnaşdylar. 

    Turkmen
  • SAGDYN NESIL — BAGTYÝAR GELJEK

    Ýakynda TDP-niň Serdar şäher komiteti etrap häkimligi, ýerli jemgyýetçilik guramalary we hukuk goraýjy edaralar bilen bilelikde «Sagdynlyk — baş gymmatlyk» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. 

    Turkmen
  • WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYKLARY

    TDP-niň Kaka etrap komiteti beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde etrabyň bilim işgärleriniň we mekdep okuwçylarynyň arasynda wagyz-nesihat duşuşyklaryny geçirdi. 

    Turkmen
  • AJAP EÝÝAMYŇ AJAÝYP ŞÄHERI

    Aşgabat diňe gözelligiň we söýginiň däl, bagtyýarlygyň hem merjen şäheridir. Çünki ak şäherimiz özünde bagtyýar halkymyzyň çäksiz söýgüsini we egsilmez buýsanjyny jemleýär. Bagtyýar türkmenistanlylar Arkadag Prezidentimiziň tagallasy bilen gün-günden gözelleşýän ak şäherine — bagt şäherine buýsanýarlar.

    Turkmen
  • GÖWÜNLERIŇ EGSILMEJEK JOŞGUNY

    Gahryman Arkadagymyzyň tutumly başlangyçlary bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda her günümiz toý-baýramlara beslenýär. Il-ulsuň saglygyny, ruhubelentligini we dünýä abatlygyny sazlaşdyryjy Gahryman Arkadagymyzyň parasatly syýasaty bilen Türkmenistan syýasatda, ykdysadyýetde, oba hojalygynda, saglygy goraýyş ulgamynda, bilimde uly ösüşleri gazandy. Döwletimiz dünýäniň durmuş-ykdysady taýdan ösen döwletleriniň hataryna goşuldy.

    Turkmen
  • EZBERLER ÖNE SAÝLANDY

    Golaýda Mary etrabynyň 39-njy orta mekdebinde «Sagdynlyk — ruhubelentlik» diýen at bilen sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi. Etrabyň edara kärhanalaryndan gelen ýygyndy toparlar küşt, şaşka, tennis, woleýbol boýunça bäsleşip, öz ezberliklerini görkezdiler.

    Turkmen
  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň taslamasyny hem-de Konstitusion özgertmeleriň ähmiýetini halk köpçüliginiň arasynda wagyz nesihat etmek boýunça Köneürgenç şäherindäki 9-njy orta mekdepde maslahat geçirildi.

    Turkmen
  • KIÇI FUTBOL ÝARYŞY

    Saýat etrabynyň Sakar şäherindäki 2-nji sport mekdebinde TDP-niň Saýat etrap komitetiniň, etrap bilim bölüminiň, etrap sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň bilelikde guramaklarynda «Saglygym bar — baýlygym bar» ady bilen ýetginjekleriň arasynda kiçi futbol boýunça ýaryş geçirildi. Ýaryşda ýetginjekler toparlary bäsleşdiler. Bäsleşikde öňe saýlananlara TDP-niň Saýat etrap komiteti tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

    Turkmen
  • WAGYZ-ÜNDEW DUŞUŞYGY

    Ýakynda Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda wagyz ündew duşuşygy geçirildi. TDP-niň Türkmenbaşy şäher komitetiniň we Türkmen başy şäher häkimliginiň bilelikde guramagynda geçirilen wagyz ündew duşuşygynda ata Watanymyzyň belent sepgitleri eýeläp, bedew bady bilen öňe barýandygy buýsanç bilen bellenilip, şeýle ajaýyp zamanaň gadyryny bilip, ýurdumyzyň dünýä nusgalyk ösüş özgerişlerine mynasyp goşandyňy goşup ýaşamagyň parz işdigi, raýatlyk borç dugy aýratyn nygtaldy.

    Turkmen
  • ÖSÜŞLERIŇ NURANA ÝOLY

    Babadaýhan etrabynyň «Ak altyn» geňeşli ginde ýurdumyzda alnyp barylýan konstitusion özgertmeleriň many mazmunyny oba ýaşaýjylaryna düşündirmek maksady bilen, wagyz nesihat maslahaty geçirildi.

    Turkmen

Pages