Makalalar

Garaşsyzlyk — guwanjymyz

Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly möhüm taryhy wakalara baý ýyllaryň biri bolup, täze bir döwrüň — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň başlanan ýyly hökmünde şöhratlandy. Türkmenistan halkara maslahatlaryň, forumlaryň, sergileriň we beýleki möhüm ähmiýetli çäreleriň geçirilýän mekanyna öwrüldi.

Turkmen

Döwrümiziň galkynyşy — göwnümiziň ganaty

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda özygtyýarly, baky berkarar Watanymyzyň at-abraýy, şan-şöhraty barha belende galýar, hemmetaraplaýyn ösýän ýurt hökmünde tanalýar. Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny döwrebap derejede ösdürmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

Turkmen

Garaşsyzlygyň gadyr-gymmaty

Garaşsyzlyk her bir millet, her bir ynsan üçin iň eziz hem arzyly mukaddeslikdir. Garaşsyzlyk halkyň çüwen bagty, göterilen ykbaly, Ýer ýüzünde belent mertebeli ýaşamagyň kepilnamasydyr. Mundan 31 ýyl öň türkmen taryhynda täze bir altyn sahypa açyldy. Berkararlyk Tuguny parladyp, erkinligiň şaýoluna düşen halkymyz dünýewi, demokratik, hukuk döwletiniň binýadyny berkden tutdy. Taryhyň dürli döwürlerinde ençeme kynçylyklary başdan geçiren milletimiz eşretli eýýamyň, döwletli döwranyň eýesi boldy.

Turkmen

GARAŞSYZLYGYMYZYŇ ŞANLY TOÝY

31 ýyl mundan ozal ýurt Garaşsyzlygyna eýe bolmagymyz milli taryhymyza altyn harplar bilen ýazyldy. Bu şanly toý mynasybetli aýdym-sazly çäreleriň, bäsleşikleriň geçirilmegi, medeni-durmuş maksatly ajaýyp binalaryň açylmagy ýa-da düýbüniň tutulmagy, halkara maslahatlardyr sergileriň guralmagy, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda päk zähmetiň gaýnap joşmagy, halkymyzyň ýokary ruhy göteriliş bilen bu şanly baýramy mynasyp garşy almagy indi asylly däbe öwrüldi.

Turkmen

GALKYNYŞLY MENZILLERE BADALGA

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» geljek 30 ýylda ýurdumyzy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ýokary depginlerde ösdürmegi üpjün etmek maksady bilen, birnäçe wezipeleri ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar.

Turkmen

Hazaryň behişdi kenarynda

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda syýahatçylyk ulgamynda hem uly işler amala aşyrylýar. Munuň şeýledigini üstünlikli ösdürilýän, dünýä nusgalyk taslamalaryň biri bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň mysalynda-da görmek bolýar.

Turkmen

Garaşsyz Watanym, Türkmenistanym!

Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelge esasynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli maksatnamalardan, ykdysadyýetiň, syýasatyň, medeniýetiň dürli ugurlarynda amala aşyrylýan düýpli özgertmelerden ruhlanýan halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk toýuny mynasyp garşylamak ugrunda tutanýerli zähmet çekýär. Garaşsyzlyk ýyllary halkymyzyň şöhratly taryhyna ösüşiň belent sepgitlerine eýe bolan döwür hökmünde täze sahypalary ýazdy.

Turkmen

Ulag ulgamyndaky başlangyçlar rowaçlanýar

Düýn Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň hem-de Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň we ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda “Hormatly Prezidentimiziň möhüm halkara başlangyçlary: ulag ulgamynda ählumumy hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri” atly maslahat geçirildi.

Turkmen

Özgertmeler — üstünliklere badalga

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda amala aşyrylýan beýik işler barha rowaçlanýar. Ildeşlerimiz ata Watanymyzyň kuwwatlanmagyna, mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen beýik işlere goşant goşmagy özleriniň raýatlyk borjy hasaplaýarlar. Arkadagly Serdarymyzyň pähim-paýhasyndan badalga alýan giň gerimli maksatnamalary, asylly başlangyçlary üstünlikli amala aşyrmaga işjeň gatnaşýarlar.

Turkmen

Bir dutaryň taryhy

(Bolan waka)

Diňe bir dutaryň şirin owazyny däl, eýsem, dutar hakyndaky söhbetleri diňlemek hem diýseň ýakymly. Özüm-ä ýaşlygymdan bäri aýdym-sazdan, dutardan gürrüň açylsa, ony höwes bilen, soňuna çenli diňleýän. Soňam uzak wagtlap onuň täsirinden çykyp bilmeýärin. Belki-de şondandyr, kakam pahyryň uruşda ýitiren dutary barada arman çekip aýdyp beren şu gürrüňleri hakydamda müdimilik orun alyp galandyr.

Turkmen

Pages