ŞATLYKLY GÜNLER

Bagtyýarlyk döwründe türkmenistanlylaryň saglygyny goramak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Boş wagtyny peýdaly güýmenjä sarp edýän, milli mirasymyz, şöhratly taryhymyz bilen gyzyklanýan, tebigatyň we etrap-kentlerimiziň gözel ýerlerine köpçülikleýin gezelenje çykýan, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan raýatlarymyzyň sanynyň gün saýyn artýandygy guwandyryjydyr. Döwletiň we jemgyýetimiziň iň gymmatly hazynasy bolan ynsan saglygyny gorap saklamakda we ony berkitmekde, şypahanalarda saglygyňy berkitmek, kadaly iýmitlenmek we dynç almak möhüm ähmiýete eýedir. Ol sagdynlygyň, uzak ýaşamagyň, bagtyýarlygyň girewidir.

Tomus paslynyň gelmegi bilen mekdep okuwçylarynyň dynç alyş möwsümi dowam edýär. Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa kenarynda ýerleşýän dynç alyş merkezleri, kottej toplumlary, kaşaň myhmanhanalar dynç almak we saglyklaryny berkitmek isleýän raýatlar üçin gapylaryny giňden açdylar.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Daýanç», «Balkan», «Arzuw» we «Daşoguz» sagaldyş merkezleri hem beýleki şypahanalar ýaly, dürli ýaşly adamlaryň söýgüli mekany hasaplanýar. Olarda döwrebap dynç almak, ýurdumyzyň dürli welaýatlaryndan gelen adamlar bilen tanyşmak, dostlaşmak, bedenterbiýe we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak, Awazanyň çägindäki gözel ýerlere syýahat etmek üçin ähli mümkinçilikler döredilendir.

Sagaldyş merkezleriniň daş-töwereginiň arassalygy, deňziň jana şypa beriji howasy, gür baglyk, gülgüzarlyk göwnüňi galkyndyrýar. Sport, bedenterbiýe, medeni we köpçülikleýin çäreler, duşuşyklar, söhbetdeşlikler, döredijilik bäsleşikleri, tematiki baýramçylyklar, täze tanyşlar bularyň ählisi utgaşyp, raýatlaryň her bir gününiň şatlykly, uzak wagtlap ýatda galyjy bolmagyna mümkinçilik berýär.

Dynç alyş möwsüminiň öň ýanynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenbaşy şäher komitetide deňziň kenarynda dynç alýanlary gyzyklandyrjak we olaryň göwnünden turjak, we özüne çekiji ugurlar boýunça meýilnama taýýarlady. Şol meýilnamada «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş döwründe şypahana merkezlerinde we tebigatyň gözel ýerlerine köpçülikleýin gezelençleri guramak, medeni, sport, ýeňil atletika we suwda ýüzmek boýunça çäreleri geçirmek bellenildi.

Elbetde, dynç alyş zolagynda howpsuz we göwne jaý dynç almak üçin Hazar deňziniň kenarynda ýerine ýetirilmegi möhüm bolan degişli düzgün-tertipleri berjaý etmek zerurdyr. Olar, hususan-da, şahsy arassaçylygy berjaý etmekden, 2 metr aralygy saklamakdan, elleriňi sabynlap ýuwmakdan, arassaçylyk serişdelerini ýerlikli ulanmakdan, agyz-burun örtüklerini dakynmakdan we olary bellenilen möhletinde çalşyp durmakdan ybaratdyr.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenbaşy şäher komitetiniň «Daýanç» we «Balkan» sagaldyş merkezlerinde «Berekella, çagalar!» ady bilen geçiren kim çalasyn —  kim çakgan, «Arzuw» hem-de «Daşoguz» sagaldyş merkezlerinde düzzüm, ýaglyga towusmak, şaşka, küşt we sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilen bäsleşikler oňa gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bolýan raýatlar, esasan hem, ýaşlar aýdym aýtmagy, goşgy düzmegi, tans etmegi, surat çekmegi, elişlerinde ussatlyklaryny, başarnyklaryny görkezmegi gowy görýärler. Olar bu ugurlar boýunça geçirilýän toplumlaýyn çärelere höwes bilen gatnaşýarlar.

Dürli ugurlar boýunça geçirilen bäsleşiklerde ýeňiji diýlip ykrar edilen adamlara Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenbaşy şäher komitetiniň ýadygärlik sowgatlary gowşurylýar. Raýatlaryň sagaldyş merkezlerinde geçiren her bir güni uly şatlyk-şowhuna beslenýär.

Begençmyrat Pyhyýew, TDP-niň Türkmenbaşy şäher komitetiniň bölüm müdiri

“Watan” gazeti

06.07.2021 ý.

 

tags: