Makalalar

ARKADAGYŇ PAÝHASYNDAN GÜLLEÝÄR EZIZ DIÝAR

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan  Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pähim-parasatly ýörelgeleriniň netijesinde dünýäniň iň bir ösen döwletleriň hataryna goşuldy. Häzirki döwürde Türkmenistan Merkezi Aziýada iň çalt depginler bilen ösýän döwletleriň biri hasaplanýar. Ýurdymyzyň ösüşinde häzirki döwre  innowasiýa taýdan öňe tarap uly ädim ätmegiň döwri diýmek bolar. ,,Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdymyzy 2019-2025 nji ýyllarda durmuş-ykdysady  taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” kabul edilmegi bilen,ýurdymyz ösüşiň we rowaçlygyň täze tapgyryna  gadam goýdy.

Turkmen

GALLA ORAGY GYZGALAŇLY DOWAM EDÝÄR

 Hormatly Prezidentimiz meýdanlarda ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnamaga girişmäge ak pata berdi. Şundan ugur alyp, ýurdumyzyň Mary welaýatynyň Murgap etrabynda hem il sylagly ýaşulularyň, gallaçy kärendeçileriň, oba hojalyk işgärleriniň gatnaşmagynda, ýylyň galla oragyna uly ruhubelentlik bilen girişildi.

Turkmen

SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oňyn ekologiýa syýasaty, türkmen tebigatynyň ajaýyplygyny we gözelliklerini gorap saklamaga we artdyrmaga gönükdirilen giň gerimli işleri netijesinde, Türkmenistanyň gözelligi hem-de hoştap howasy kalbyňy buýsançdan doldurýar. Ýurdumyzyň ekologiýa derejesi, tämiz, ajaýyp howasy adamlaryň ruhuny göterýär. Şunuň ýaly ajaýyp pursatlarda welosiped sürmek ynsan üçin aýratyn ähmiýetlidir.

Turkmen

AWAZA — ERTEKIDEN ZYÝADA

Hormatly Prezidentimiz 14-nji maýda Balkan welaýatynda iş sapary bilen boldy.«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiren Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde hem-de Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisine gatnaşanda döwlet Baştutanymyz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň dynç alyş möwsümine taýýarlyk derejesine aýratyn ünsi çekdi.

Turkmen

BAGTYÝARLYGYŇ BINÝADY

Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwlet jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanyp, adamzat paýhasynyň ösüş ýolunda ädilen möhüm ädimdir. Konstitusiýa döwletiň Esasy Kanuny bolup, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan tapawutlylykda, ýokary hukuk güýjüne eýedir.

Turkmen

DÖWLET ÖZYGTYÝARLYGYNYŇ NYŞANLARY

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň we paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň uludan bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň bilelikde toýlanmagy halkymyzyň göwnüni galkyndyrýar.

Turkmen

AÝDYM-SAZLY DABARA

Ýakynda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäher häkimligi bilen TDP-niň Aşgabat şäher komitetiniň bilelikde guramagynda aýdym-sazly dabara geçirildi. Bu dabara «Arkadagyň bagt şäheri Aşgabat» diýen at bilen geçirilip, «Aşgabat» monumentiniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyryldy. Oňa TDP-niň Aşgabat şäher komitetiniň, Türkmen halysynyň milli muzeýiniň wekilleri, Türkmenistanyň Medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň aýdymçylary, bilim işgärleri, ýazyjy-şahyrlar, sungat ussatlary gatnaşdylar. 
Turkmen

YNAMYŇ GÜÝJI

(hekaýa)

Urşuň gutaranyna iki ýyl töweregi wagtyň geçendigine garamazdan, onuň adamlaryň synasyna salan ýarasynyň awusy bitişse-de, ýürek ýaralarynyň awusy heniz köşeşerli däldi. Fronta ugrap barýanlaryň: «Ýeňiş bilen sag-aman dolanarys!» diýip, ynamly aýdan sözleri garaşýanlaryň kalbyndaky umyt uçgunlaryny öçürerden ejiz gelýärdi. Olar şol ynam bilen ýaşaýardylar, şol ynam olara ähli kynçylyklary ýeňip geçmäge güýç berýärdi...

Turkmen

YNSANPERWERLIK — MILLI ÝÖRELGÄMIZ

Döwletiň bagtyýarlygy onuň her bir raýatynyň aýratynlykda bagtlylygy bilen häsiýetlendirilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen berkarar bolan döwletimiz bu gün her bir türkmeniň beýik arzuw-hyýallarynyň, belent maksatlarynyň wysal bolan jemidir. Bu berkararlygyň kökleri biziň döwlet gurmakda goja dünýä özboluşly mekdep goýan beýik pederlerimiziň milli ýörelgelerinden gözbaş alýar.

Turkmen

GOŇŞULAR

(Hekaýa)

Oglunyň baýramçylyk mynasybetli açylyp ulanylmaga berilýän ýaşaýyş jaý toplumyndaky täze jaýdan paýly bolýandyklary baradaky habaryny eşiden Gurbanmyrat aganyň depesi Gök diredi. Ol bu hoş habary getiren ogluna ýüzlenip:

Turkmen

Pages