Makalalar

BAGTLY DÖWRÜŇ HUKUK BINÝADY

Döwleti dolandyrmagyň demokratik ýörelgesini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça ýurdumyzyň kanun çykaryjy häkimiýet ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion Kanunyň taslamasynyň habar beriş serişdelerinde çap edilmegi biziň milli demokratiýamyzyň jemgyýetimize mäkäm ornaşandygyny görkezýär. 

Turkmen

TÜRKMENISTAN GÖZEL DIÝAR

Hormatly Prezidentimiziň belläp geçişi ýaly, hemişelik Bitaraplyk — bu biziň bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary bagtyýarlyga çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr.

Turkmen

SANLY YKDYSADYÝET WE SAZLAŞYKLY ÖSÜŞ

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Gahryman Arkadagymyzyň parasatly, öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, dünýäniň gülläp ösýän döwletleriniň birine öwrüldi. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda halkara standartlara laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalar, maglumat-aragatnaşyk enjamlary yzygiderli ornaşdyrylýar, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrylýar.

Turkmen

DAÝHAN HOJALYGYNYŇ YNAMLY IŞLERI

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny döwrebap derejede kämilleşdirmek we ekerançylyk ýerlerini uzakmöhletleýin hususy eýeçilige bermek baradaky öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň önümçilikde has ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýändigini iş tejribeleri doly görkezýär. Munuň şeýledigine Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň Şabende geňeşliginiň çäginde hereket edýän «Galkynyş» daýhan hojalygynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Turkmen

KÄMIL BILIM — MIZEMEZ BINÝAT

Ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda döwlet tarapyndan amala aşyryan işler her bir türkmenistanlynyň, aýratyn hem, ýaşlaryň durmuşynda öz beýanyny tapýar. Bilim ulgamynyň sazlaşykly ösüşini gazanmaga, ýaşlarymyzyň ylym-bilim almagy üçin zeruşertleri döretmäge gönükdirilen tutumly işledurmuşa geçirilýär. 

Turkmen

DÜNÝÄ NUSGALYK GYMMATLYK

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni toýdur baýramlara, şanly wakalara beslenýär. Mähriban Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça ýurdumyzyň Mejlisiniň Karary bilen 2020-nji ýylyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilmegi buýsanjymyza buýsanç goşdy. Şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Rezolýusiýasyny kabul edenine 25 ýyl dolýar.

Turkmen

BERKARARLYGYŇ aýdyň ýoly bilen

Ýurdumyzyň bedew batly ösüşleriniň ajaýyp menziline öwrülýän «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 29 ýyllygy giňden bellenilýär. 

Turkmen

ÖZGERIŞLI DÖWRÜŇ ŞANLY ROWAÇLYKLARY

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda beýik ösüşlere we özgerişlere barýan Watanymyz gün-günden pajarlap ösýär. Güneşli Diýarymyzda arzuwlar wysala ýetip, maksatlar myrat tapýar. Hormatly Arkadagymyzyň başlangyçlarynyň, taýsyz-tagallalarynyň, irginsiz aladalarynyň netijesinde halkymyzyň saglygyny gorap saklamak, sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa doly ornaşdyrmak babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. 

Turkmen

BOL HASYL UGRUNDA

Etrabymyzyň «Pagtaçy» daýhan birleşiginde üstümizdäki ýylda gowaça ekilen 1280 gektar ýerden dokma senagaty üçin gymmatly çig mal bolan «ak altynyň» 2280 tonnasyny öndürmek ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. 

Turkmen

YHLASLY ZÄHMET — GÖWNEJAÝ HASYL

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda eziz Diýarymyzyň dokma senagaty üçin bahasyna ýetip bolmajak çig mallaryň biri bolan «ak altynyň» bol hasylyny öndürmegi maksat edinýän etrabymyzyň edermen babadaýhanlary tomus paslynyň häzirki günlerinde gowaçaly pellerde ýokary hilli ideg etmekde ýadawsyz zähmet çekýärler.

Turkmen

Pages