Makalalar

SYÝASY IŞJEŇLIK — ÖSÜŞE BADALGA

Parasatly döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli, parahatçylyk söýüjilikli syýasaty netijesinde dünýä nusgalyk derejede gülläp ösýän we özgerýän güneşli Diýarymyzyň zähmetsöýer halky, “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylan 2021-nji ýyly ýokary zähmet üstünliklerine besleýär. Toýlary-toýlara, baýramlary baýramlara ulaşýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz Gahryman Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda bedew batly ösüşlere eýe bolup, taryh üçin örän gysga döwürde görlüp eşidilmedik ösüşlere ýetdi.

Turkmen

«TÜRKMENE AGA DIÝR ÖZBEGIŇ DILI, ÖZBEGE DOGAN DIÝR TÜRKMENIŇ DILI»

2018-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana amala aşyran resmi saparynyň çäginde guralan dostluk konsertinde ýaňlanan jemleýji aýdymdan alnan bu sözler, hakykatdan-da, türkmen we özbek halklarynyň dostlugynyň ezeldendigini subut edýär. Jeýhunyň mele suwy müňýyllyklaryň dowamynda Amyderýany ýakalap oturan bu halklaryň bagryny badaşdyrypdyr. Bagry badaşan iki halkyň saçakly gatnaşyp, birek-biregiň üstünliklerine begenip, kyn gününde goldamagy asylly däbe öwrülip gidipdir.

Turkmen

ALKYŞ SIZE, ARKADAG!

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap komitetiniň başlygy Maksat Myradowiç Ödeşow:

Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda, aýratyn hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlary uly ösüş-özgertmeleri başdan geçirýär. Geçen gysga döwürde ähli ulgamlarda durmuşa geçirilen işleri synlanyňda, asyrlara barabar işleriň edilendigine şaýat bolýarys.

Turkmen

ALKYŞ SIZE, ARKADAG!

Tahyr Öwezow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Serdar şäher komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty:

Turkmen

ALKYŞ SIZE, ARKADAG!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri bedew bady bilen ynamly öňe barýan demokratik, dünýewi we hukuk döwletimiziň deňsiz-taýsyz ösüşleri gazanýan eýýamydyr. Garaşsyzlyk ýyllary içinde durmuşymyzyň ähli ugurlarynda ýaýbaňlandyrylan beýik işler, asyrlara ýaň saljak özgertmeler berkarar Watanymyzyň keşbini has-da gözelleşdirýär. Jemgyýetimiziň baş başlygy bolan adamyň ýaşaýyş-durmuş şertleri barasynda döwlet derejesi tarapyndan edilýän çäksiz aladalar mähriban halkymyzyň abadan, bolelin we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir.

Turkmen

ALKYŞ SIZE, ARKADAG!

Milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda barha belende göterilýän Watanymyzyň at­abraýy biziň her birimiziň ykbalymyzy galkyndyrýar, şanly günlerimiz dowam edip, bagtyýar pursatlar rowaçlanýar. Ykdysadyýetde, syýasatda we medeniýetde ýetilýän belent sepgitler biziň her birimizi geljege ruhlandyrýar.

Turkmen

ALKYŞ SIZE, ARKADAG!

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şöhratly ýyllary içinde galkynan Diýarymyzda “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň iň ajaýyp hem arzyly günleri dowam edýär. Munuň özi merdana milletimiziň milli derejesiniň galkynyp, eşretli durmuşyň dowamlydygyny alamatlandyrýar. Şol sanda döwletli döwrümizi we gazanylýan üstünlikleri wasp edip, dünýä ýaýýan Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň işgärleri hem döredijilik ylhamyna beslenýär.

Turkmen

ALKYŞ SIZE, ARKADAG!

Bagtyýarlygyň ýurduna öwrülen mähriban Diýarymyzyň taryhy ösüşlere beslenmegi her bir türkmen raýatynyň kalbyny joşdurýar. Arkadag Prezidentimiziň parasatly Baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň toýlara beslenýän günlerinde Gahryman Arkadagymyz tarapyndan maňa hem şa serpaýynyň ýapylmagy kalbymyň joşgunyny goşalandyrdy, has-da tutanýerli we döredijilikli zähmete ruhlandyrdy.

Turkmen

Täze desgalar — rowaçlykdan nyşan

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda taryh üçin gysga döwrüň içinde ýurdumyzda demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň berk esaslary döredildi. Halkymyzyň aň-düşünjesinde, medeni we ruhy durmuşynda uly özgertmeler bolup geçdi. Bütinleý täze jemgyýetçilik gatnaşyklary emele geldi. Şu döwürde mukaddes Garaşsyzlygymyza daýanýan döwletimizde halkymyzyň gözbaşyny asyrlardan alyp gaýdýan maddy we ruhy gymmatlyklary, nesilden-nesle geçip gelýän belent ynsanperwer däpleri dikeldildi.

Turkmen

Независимость и демократические ценности

Вполне очевидно, что аналитический экскурс в хронологию достижений за 30 лет суверенного развития Туркменского государства невозможен без детального изучения динамики преобразований в общественно-политической жизни страны. Осуществляемые реформы, которые не только выполняют функцию индуктора внутригосударственных процессов, но и генерируют ключевой политический фактор оптимизации внешних связей, призваны укреплять демократическую и правовую базу нашего общества.

Turkmen

Pages