Makalalar

YNSANPERWERLIK WE YNANYŞMAK TAGLYMATYNYŇ DABARALANMAGY

Her bir halkyň milli ýörelgeleriniň onuň döwlet derejesinde saýlap alan syýasy ugruna öwrülýändigine taryh şaýatlyk edýär. Her bir halk millet derejesine ýetmek üçin taryhyň belli bir döwründe özüniň milli gahrymanlaryny orta çykarypdyr. Şol gahrymanlar halkyň beýik ruhundan we aňyýetinden gözbaş alýan taglymatlary öňe sürmek bilen, belent derejelere ýetip, baky şöhrata mynasyp bolupdyr. Muny milli Liderimiziň: «Mertler Watany beýgeldýär, Watan bolsa mertleri beýgeldýändir» diýip, buýsançly nygtaýan jümlesi aýdyň görkezýär.

Turkmen

BELENT SEPGITLERE RUHLANDYRÝAR

Gahryman Arkadagymyz geçen ýylyň 16-njy dekabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň käbir orunbasarlarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň we onuň welaýat, etrap, şäher komitetleriniň, olaryň ilkinji guramalarynyň işjeň agzalarynyň döwletimiziň durmuşa geçirýän özgertmeler syýasatynyň düýp mazmunyny ilat arasynda giňden düşündirmekleriniň zerurdygyny aýratyn nygtap geçdi.

Turkmen

BAGTYÝAR DURMUŞYMYZYŇ GOŞA GANATY

Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýinde «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. «Parahatçylyk we ynanyşmak — bagtyýar durmuşymyzyň goşa ganaty» atly dabaraly maslahaty Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komiteti hem-de welaýat Medeniýet müdirligi bilelikde guradylar. Oňa Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat, şäher, etrap komitetleriniň ýolbaşçylarydyr jogapkär işgärleri, işjeň partiýa agzalary gatnaşdylar.

Turkmen

Beýik özgertmeleriň ýolunda

Asuda asmanyň astynda, bereketli topragynyň üstünde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz gün-günden ösýär, gözelleşýär, özgerýär. Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, ulgamlarynda henize çenli görlüp-eşidilmedik ýokary netijeler, ösüşler gazanylýar. Elbetde, bu ösüşlerde gazanylan guwandyryjy zähmet üstünliklerinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň işjeň  agzalarynyň hem saldamly goşantlary bar. Häzirki wagtda olar eziz Watanymyzyň mundan beýläkde gülläp ösmegi üçin gujur-gaýratly, öndürijilikli zähmet çekýärler.

Turkmen

ÖZGERTMELERIŇ AÝDYŇ ÝOLY BILEN

Bilşimiz ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy umumy mejlisinde gurama agza döwletleriň biragyzdan goldamagy bilen, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly  Rezolýusiýanyň kabul edilmegi türkmen halkynyň baky bagtyýarlygyny bütin dünýä ýaýdy. Bu taryhy pursat Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilige we hoşniýetli hyzmatdaşlyga ýugrulan daşary syýasy strategiýasynyň dünýäde barha dabaralan ýandygyny aýdyň görkezdi.

Turkmen

Parahatçylyk we ynanyşmak — bagtyýar durmuşyň binýady

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan işler oňyn netijelerini berýär. Munuň şeýledigine 2020-nji ýylda halkymyzyň abadan, bolelin durmuşyny nazarda tutýan beýik işleriň amal edilmegi hem şaýatlyk edýär.

Turkmen

DÖWLETLI IŞLERIŇ DOWAMY

Bagtyýar halkymyzyň ýeten belent derejesini, berkarar döwletimiziň dünýä nusgalyk ösüş-özgerişini özünde jemleýän Arkadagyň ajap eýýamynda — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda her bir günümiz üstünliklere we zähmet ýeňişlerine beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eýelenýän belent sepgitler baky Bitarap döwletimiziň bedew bady bilen ynamly öňe barýandygyna şaýatlyk edýär.

Turkmen

Öňde duran wezipeler kesgitlenildi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň şu ajaýyp günlerinde 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli dabaraly maslahatlar ýokary derejede geçirilýär. Ata Watanymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Daşoguz şäherinde hem geçirilýän çäreleriň ählisi ajap zamanamyzyň döredijilik ruhuny, täze taryhy eýýamyň gazananlaryny we üstünliklerini ýokary derejede beýan edip, bedew batly ösüşlerimizi açyp görkezýär.

Turkmen

AK MERMERDEN GURULÝAN BAGT ŞÄHERI AŞGABAT

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günleri şowly ädimler bilen başlanyp, tutuş ýylyň dowamynda uly üstünlikleriň gazanyljakdygyndan habar berýär. Munuň şeýledigini Gahryman Arkadagymyzyň Lebap welaýatyna bolan iş saparynyň üstünlikli tamamlanyp, ýurdumyza hem halkymyza, galybersede, goňşy döwletlere bähbitli işlere badalga berilmegi tassyklaýar. Golaýda bolsa ýurt Baştutanymyz paýtagtymyz boýunça iş saparlaryny amala aşyryp, baş şäherimizde gurulýan binalardyr desgalarda gurluşyk işleriniň barşy bilen ýakyndan tanyşdy.

Turkmen

ВЫСОКАЯ ЦЕЛЬ ЧЕЛОВЕЧЕСТВА

По какому пути надлежит идти государствам и в целом – Сообществу Наций, чтобы достичь мирного сосуществования и какие усилия надо приложить для этого? Сегодня эти вопросы актуальны как никогда, ведь от их решения зависит судьба всего человечества. Однозначно, обстоятельства и факторы, возникающие вследствие глобального прогресса, в определённой степени влияют на общественное сознание.

Undefined

Pages