ABADANÇYLYGYŇ AÝDYŇ ÝOLY

Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistan—Bitaraplygyň mekany» ýylymyzda bagtyýar halkymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyny halkara derejesinde giňden belläp geçer. Milli Liderimiziň ýakynda paýtagtymyzda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatynda belleýşi ýaly: «Bu, hakykatdanda, wajyp senedir, türkmen döwletiniň Garaşsyzlygynyň taryhynda ähmiýetli wakadyr, onuň daşary syýasatyndaky tapgyrlaýyn sepgitdir». Bu şanly sene mynasybetli dürli dabaralardyr çäreleriň eýýämden giň gerime eýe bolmagy parahatçylyk söýüjilik ýörelgämiziň bagtyýarlyk zamanamyzda barha rowaç alýandygynyň aýdyň ýüze çykmasyna öwrülýär. Elbetde, şu ýylyň 12-nji dekabrynda paýtagtymyzda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatynyň örän möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny hem bellemek gerek.

Bitaraplyk derejesi türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň esasy ýörelgeleriniň biri bolmak bilen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Watanymyzyň bedew batly okgunly ösüşiniň möhüm şerti bolup, goňşy we beýleki döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm orun eýeleýär. Gahryman Arkadagymyzyň: «Bitarap Türkmenistan sebitde halkara parahatçylyk dörediji tagallalaryň möhüm bölegine öwrüldi» diýip belleýşi ýaly, gysga döwrüň içinde ýurdumyzyň ykrar edilen parahatçylyk dörediji merkez hökmünde belent halkara abraýyna eýe bolandygyny bellemek guwandyryjydyr. Bitarap Diýarymyzyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň ýokary depginleriniň we netijeliliginiň hormatly Prezidentimiziň daşary syýasy başlangyçlarynyň öňe sürülmeginde we amala aşyrylmagynda öz beýanyny tapýandygyny bellemek gerek. Döwletimiz tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlar bolsa häzirki döwrüň iň bir wajyp meseleleriniň giň toparyny gurşap alýandygy bilen tapawutlanýar. Şonuň bilen birlikde, şol başlangyçlaryň döwrüň wajyp meselelerini çözmäge, dünýäde özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynyň ýola goýulmagyna we saklanylmagyna, umumy durnukly ösüşiň bähbidine netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilendigi bilen halkara jemgyýetçiliginiň arasynda uly gyzyklanma döredýär hem-de giň goldaw tapýar. Munuň özi bolsa ýurdumyzyň dünýä giňişliginde abraýynyň barha artma gyny şertlendirýär. Hut şu jähetden geçen ýylyň 12-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça «2021-nji ýyl Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň, şonuň ýaly-da, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň parahatçylygy, howpsuzlygy, sebit we ählumumy derejede durnukly ösüşi pugtalandyrmak boýunça öňe sürýän syýasatynyň halkara derejesinde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bolup geçýän taryhy wakalar Türkmenistanyň Bitaraplygynyň sebitde halkara parahatçylyk döredijilik tagallalarynyň, ýurdumyzyň ösüşiň täze ugurlary bilen öňe saýlanmagynyň möhüm şertine öwrüldi. «Türkmenistanyň Bitaraplygy dünýä syýasatynyň ähli ölçeglerinde, şol sanda howpsuzlygy üpjün etmekdäki tagallalary birleşdirmekde, ykdysady we durmuş taýdan ösüş ugrundaky hyzmatdaşlykda, ynsanperwerlik we medeni gatnaşyklaryň çäkleriniň giňelme ginde öz beýanyny tapýar. Häzirki döwürde biz demokratik özgert meleriň giň gerimler bilen amala aşyrylmagyna, halk häkimiýetiniň esaslarynyň berkidilmegine, hakyky raýat jemgyýetiniň döredilmegine, onuň ösüş ugurlaryny we görnüşlerini kesgitlemäge, ýurdumyzda alnyp barylýan köptaraply we uzakmöhletleýin maksatnamalary amala aşyrmaga raýatlarymyzyň işjeň gatnaşmagy üçin ähli şertleriň döredilmegine aýratyn uly üns berýäris» diýip, Gahryman Arkadagymyz parasatlylyk bilen belleýär.

Goý, bütin dünýäde ykrar edilen Lider hormatly Prezidentimiziň haýyr-sahawatly tutumlary, dünýä nusgalyk belent başlangyçlary mundan beýläkde rowaç alyp, Bitarap Türkmenistan Diýarymyzda toýlar toýa ulaşsyn!

Kakageldi GURBANOW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, TDP-niň Mary welaýat komitetiniň başlygy.