Şabadyň kenary — bagtyň mekany

Garaşsyzlygymyzyň geçen 30 ýyldan gowrak döwrüniň içinde il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleriň ägirt uly toplumy amala aşyryldy. Ýurdumyzyň paýtagtyny we sebitlerini gyradeň ösdürmek boýunça amala aşyrylan işler dünýä nusgalykdyr. Şolaryň iň bir täze mysallary hökmünde, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde Daşoguz şäherinde gurlan 450 orunlyk köpugurly hassahananyň hem-de 150 orunlyk onkologiýa hassahanasynyň täze binalarynyň açylyp, ulanylmaga berilmegine taýýarlyk görülýär.

Daşoguz welaýatynda gurlan Ruhyýet köşgi, Bagt köşgi, Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi, welaýat baş metjidi, welaýat kitaphanasy, «Türkmeniň ak öýi» binasy, Daşoguz welaýat çeper halyçylyk kärhanasynyň Gubadag haly önümhanasy ýaly binalar ýurdumyzyň paýtagtyny we sebitlerini gyradeň ösdürmek babatda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň aýdyň mysaly boldy diýip aýtmak bolar. Şonuň ýaly-da, welaýatyň çäginde gurlup, ulanylmaga berlen sport mekdepleri we desgalary, welaýat atçylyk sport toplumy, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň welaýat bölüminiň binasy, Halkara howa menzili, «Daşoguz» myhmanhanasy, Daýhan bazary, ýyladyşhanalar ýurdumyzda üstünlikli alnyp barylýan sebit syýasatynyň aýdyň miweleridir. Geçen gysga döwürde gurlup, ulanylmaga berlen welaýat çagalar dynç alyş sagaldyş merkezi, «Ene mähri» merkezi, Saglygy anyklaýyş we bejeriş merkezi, «Gaýragoýulmasyz tiz kömek» merkezi, Zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini öndürýän kärhana sebitiň ilatynyň saglygyny döwlet derejesinde gorap saklamak babatda amala aşyrylan anyk işleriň mysalydyr.

Sebitleriň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak babatda durmuşa geçirilýän şular ýaly beýik işlere halkymyzyň mynasyp zähmet netijeleri bilen jogap berýändigini belläp geçmek ýakymlydyr. Geçen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda welaýatyň edermen babadaýhanlary 265 müň tonna bugdaýy, 275 müň tonna pagta hasylyny, şeýle hem 35 müň tonna şalyny döwlet harmanyna tabşyrdylar. Şeýle hem gök we bakja önümlerini öndürmegiň meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Daýhan zähmetiniň ajaýyp miweleri bolan galla we pagta hasylynyň ýokary hilli saklanylmagy we gaýtadan işlenilmegi üçin welaýatyň çäginde pagta arassalaýjy kärhanalar, Tohumlyk pagta çigidini gaýtadan işleýän kärhana, Görogly galla önümleri kärhanasy gurlup, ulanylmaga berildi.

Mähriban Arkadagymyzyň şu ýylyň 20-nji ýanwarynda Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyrmagy aýratyn ähmiýetli waka öwrüldi. Iş saparynyň barşynda Gahryman Arkadagymyz Gurbansoltan eje etrabynyň çäginde ýerleşýän, güýjenmesi 500 kilowolt bolan Balkan — Daşoguz howa elektrik geçirijisiniň gurluşyk meýdançasyna baryp gördi we ol ýerde ýurdumyzyň energetika ulgamynyň hem-de welaýatyň ýolbaşçy düzümleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Şu günki gün kuwwatlylygy 254 megawatdan gowrak bolan Daşoguz döwlet elektrik stansiýasynyň öndürýän elektrik energiýasy welaýatyň zerurlyklaryny doly üpjün etmek bilen birlikde daşarky sarp edijilere: Eýrana, Owganystana, Özbegistana, Gyrgyz Respublikasyna iberilýär. Mähriban Arkadagymyz: «Sebitde durmuşa geçirilýän özgertmeler bilen bagly, geljekde bu elektrik stansiýasyny-da ýönekeý dolanyşykdan utgaşdyrylan bug-gaz dolanyşygyna geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu çäreleriň amala aşyrylmagy bolsa tebigy gazy sarp etmezden, goşmaça elektrik energiýasyny öndürmäge, daşky gurşawa ýetirilýän zyýanyň möçberini ep-esli azaltmaga mümkinçilik berer» diýip belledi. Iş maslahatynda ýurdumyzyň ähli sebitleriniň halkalaýyn elektrik ulgamyna geçirilmegini üpjün etmek bilen bagly meselelere garaldy.

Mähriban Arkadagymyzyň welaýatyň Görogly etrabynyň çäginde ýerleşýän «Işewür topar» hojalyk jemgyýetiniň guşçulyk toplumyna baryp görmegi hem örän möhüm ähmiýetli çäre boldy. Ýurdumyzda barha rowaçlanýan milli işewürligiň, telekeçiligiň aýrylmaz bölegi bolan guşçulyk toplumlary ilatymyzy et hem-de ýumurtga önümleri bilen üpjün etmekde ýokary netijeleri gazanýar. Ady agzalan guşçulyk toplumynda bir ýylda 300 tonna guş eti öndürilýär. Munuň özi welaýatyň ilatyny guş eti bilen üpjün etmäge we artykmaç möçberini ýurdumyzyň paýtagtyna we beýleki welaýatlaryna ibermäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzy geljek 30 ýylyň dowamynda ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitleýän Maksatnamanyň kabul edilendigi buýsançly wakadyr. Bu Maksatnama esasynda ýurdumyzda amala aşyryljak işler döwletleriň we halklaryň ykbalyna täsir edip biljek, parahatçylygy, agzybirligi we ynanyşmagy tutuş dünýäde dabaralandyrjak taryhy işler bolar.

Bu taryhy mejlisde mähriban Arkadagymyzyň öňe süren teklibi boýunça 12-nji martda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň geçirilmegi hem taryhy ähmiýetli möhüm wakadyr. Bu saýlawlarda Arkadagly Serdarymyz, hormatly Serdar Berdimuhamedowyň sesleriň köplügi bilen Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagyny welaýatymyzyň ilaty uly joşgun we ýokary ruhubelentlik duýgusy bilen kabul etdi. Bu belent joşgunyň, ýokary ruhubelentlik duýgusynyň ildeşlerimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze zähmet üstünliklerini gazanmaklarynda wajyp itergi boljakdygyna ynanýarys.

Biz halkymyzy, ýurdumyzy geljekki ösüşleriň aýdyň ýoly bilen öňe alyp gitmekde hormatly Prezidentimize jan saglyk, döwletli başlangyçlarynda hemişe üstünlik arzuw edýäris.

Merdan Meredow, TDP-niň Daşoguz welaýat komitetiniň başlygy

“Watan” gazeti

12.04.2022 ý

 

tags: