ABRAÝYŇ ARŞA GALÝAR, DIÝARYM!

Ýurdumyz Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen häzirki döwrüň sebit we ählumumy möhüm meselelerini çözmekde düýpgöter  täze, toplumlaýyn, giň gerimli başlangyçlary, täzeçil taglymlary öňe sürýän ýurt hökmünde umumy ykrar edilen belent derejesini ýene bir gezek tassyklady.

Dünýä bileleşiginiň işlerine örän işjeň gatnaşýan hem-de ählumumy bähbitlere laýyk gelýän giň halkara hyzmatdaşlygy öňe sürýän döwlet Baştutanymyzyň bu başlangyçlary boýunça işlenip taýýarlanylan oňyn  daşary syýasat strategiýasy tutuş dünýäde uly goldawa eýe bolýar.  Ýurdumyz soňky ýyllarda iri halkara maslahatlaryň, forumlaryň hem-de ýokary derejedäki duşuşyklaryň geçirilýän, umumyadamzat ösüşiniň esasy meseleleri boýunça netijeli pikir alyşylýan açyk meýdança öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda 6-njy awgustda hazaryň kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy geçirildi. Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň,  hemde  Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň,  şonuň ýaly-da  BMG-niň Baş sekretarynyň  Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň gatnaşmagynda geçirilen ýokary derejeli forum milli Liderimiziň sebit boýunça goňşy döwletler bilen ählitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek maksadyna gönükdirilen syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini tassyklady. Sebit boýunça goňşy döwletleriň halkalary bilen türkmen halkyny köp asyrlyk dostluk gatnaşyklary, medeni we ruhy däp-dessurlaryň umumylygy baglandyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ägirt uly köpugurly mümkinçiliklerini göz öňünde tutmak bilen,  sebit hyzmatdaşlygyny  ösdürmäge ulgamlaýyn, oýlanşykly we toplumlaýyn çemeleşmek  ugrunda çykyş edýär. Şol mümkinçilikleriň  durmuşa geçirilmegi bolsa umumy abadançylygyň hem-de rowaçlygyň bähbitlerine kybap gelýär.

Döwlet Baştutanymyz ýokary derejeli duşuşykda çykyş edip: “Biz şu günki duşuşygyň sebit hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmagy ugur edinip, bu babatda has işjeň, salgyly ädimler üçin şertleri üpjün etjekdigine, Merkezi Aziýa sebitiniň kontinental we global işlere netijeli gatnaşmagynyň kuwwatly şertine öwrüljekdigine umyt edýäris” diýip belledi.

Milli Liderimiz bäş ýurduň Hökümetlerine ozal geçirilen duşuşyklaryň jemleri boýunça kabul edilen resminamalaryň mazmunyna düýpli seljerme geçirmegi, orta möhletli döwre niýetlenen bilelikdäki işleriň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlejek “Ýol kartasyny” işläp düzmegi hem-de kabul etmegi tabşyrmagy teklip etdi. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary birleşdirmegiň hem-de bähbitleriň ileri tutulýan ugurlary hökmünde bellän taraplaryna üns berildi. Bulardan esasy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetiniň möhüm bölegi bolan energetika şularyň iş wajyplarynyň  biridir.Ýurdumyz tarapyndan öňe sürlen hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen berkidilen ykdysady ösüşiň möhüm ýagdaýy hökmünde energiýa serişdelerini ibermegiň ygtybarlylygy, durnuklylygy hakyndaky teklipleriniň birnäçe gezek we biragyzdan goldanylmagy munuň subutnamasydyr.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Merkezi Aziýanyň ýurtlaryna özara bähbitli şertlerde ýa-da olaryň çäkleriniň üsti bilen daşarky bazarlara öz tebigy gazynyň iberilişiniň möçberini ep-esli artdyrmaga taýýardygyny aýtdy. Mundan başgada Milli Lidermiziň ulag düzümini ösdürmekde sebitiň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň wajyp ugry hökmünde kesgitleýän täze teklipleri uly oňyn seslenme döretdi. Toplanan bilelikdäki iş tejribesini ulanmak arkaly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň integrirlenen ulag ulgamyny kemala getirmek boýunça anyk meýilnamalary düzmäge girişmek teklip edildi.

Şu  gezekki duşuşyga gatnaşyjylaryň umumy pikirine görä, doly derejeli söwda-ykdysady gatnaşyklary gaýtadan dikeltmek, özara haryt dolanşygynyň möçberlerini artdyrmak, onuň giňeldilmegi hem-de hil taýdan täzelenilmegi möhüm wezipe bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz bu wezipäniň yzygiderli esasda oňyn çözgüdini tapmagyň ýollaryny gözleýän bäştaraplaýyn iş toparynyň döredilmeginiň maksadalaýyklygy baradaky pikiri aýdyp, hususan-da Merkezi Aziýada ykdysady hem-de  telekeçilik işjeňligine ýardam bermek boýunça Işewürlik geňeşini  döretmek baradaky meselä garamagy teklip etdi.

“BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi şu günki duşuşyga sebit hyzmatdaşlygynyň hem-de raýdaşlygynyň meýillerini mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň ýolunda aýgytlaýjy ädim hökmünde garaýar” diýip BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy nygtady we Birleşen Milletler guramasynyň hem-de onuň sebit merkeziniň sebiti ösdürmegiň möhüm ugurlaryna, forumyň jemleri boýunça kabul ediljek çözgütlere hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny belledi.

Ýurdumyzyň başlangyjy boýunça geçirilen halkara ähmiýetli möhüm wakalar dünýä metbugatynda giň seslenmä eýe boldy. Olaryň hatarynda sebitiň ýurtlarynyň wekilleriniň, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, BMG ÖM-niň Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça Sebitleýin Býurosynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy bar.

Merkezi Aziýanyň döwlet baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna bagyşlanan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy wajyp çäre hökmünde dünýäde uly gyzyklanma döretdi.Onuň dowamynda taraplaryň sebitleýin giňişlilerde söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we köpugurly esasda ösdürmäge bolan gyzyklanmalary beýan edildi.

Hazaryň kenarynda geçirilen beýleki wajyp çäreler, şol sanda sahawatyň, açyklygyň, bereketiň nurana baýramy hökmünde ýatda galan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň halkara festiwaly sebitiň halkarynyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagy, olaryň medeni we ruhy gymmatlyklarynyň giňden wagyz edilmegi üçin oňyn mümkinçiliklere öwrüldi.

Şatlyk Gurbandurdyýew TDP-niň Gurbansoltan eje adyndaky etrap komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty 

“Watan” gazeti

11.09.2021 ý 

 

tags: