ADYL KANUNLY, ÝAŞYL TUGLY BERKARAR DIÝAR

Şu günler eziz Diýarymyzda ýetip gelýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi mynasyp garşylamak boýunça dabaralar giňden ýaýbaňlandyrylýar. Bu goşa mukaddesligiň baýramynyň bir günde bellenilmeginiň uly manysy bar. Çünki Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletimiziň baky berkararlygynyň berk binýady bolsa, ýaşyl Tugumyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň, döwletliligimiziň nyşany bolup, dünýäniň çar künjeginde asudalygyň, agzybirligiň, dostlugyň nyşany hökmünde belentde parlaýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe iri möçberli özgertmeler, türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň durmuşynyň ähli ulgamlarynda taryhy ähmiýetli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Häzirki döwürde ähli ugurlardaky ägirt uly özgerişlikler, durmuşa geçirilýän taryhy maksatnamalar, ýurdumyzda gün-günden bat alýan giň möçberli işler milli Liderimiziň türkmen halkynyň häzirki bagtyýar durmuşynyň we röwşen geljeginiň bähbidine alyp barýan taýsyz tagallalarynyň we amala aşyrýan tutumly işleriniň netijesidir. Bu özgertmeler adamzat ösüşiniň ählumumy meýilleri we hakykatlary hasaba alnyp amala aşyrylýar hem-de häzirki döwrüň syýasy, ykdysady we ynsanperwer maksatlaryna laýyk gelýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty öňegidişlik we täzeçillik, döredijilik hem-de belent ruhy galkynyş, häkimiýetiň we halkyň jebisleşmegine gönükdirilen oýlanşykly, takyklanan ýörelgelerdir. Bularyň hemmesi hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen parasatly syýasatynda anyk beýanyny tapdy.

2008-nji ýylda döwlet Baştutanymyzyň taryhy başlangyçlary bilen Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylan işler, döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşinde möhüm syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetine eýe boldy. Täzelenen Esasy Kanunymyza laýyklykda kabul edilen kanunlar ýurdumyzyň raýatlarynyň syýasy, ykdysady we durmuş hukuklarynyň iş ýüzünde üpjün edilmegine uly goşant goşdy hem-de her bir adamyň ýaşamaga we azat ömür sürmäge, maşgala gurmaga we ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaga, döwletiň işlerini gös-göni ýa-da saýlanan wekilleriň üsti bilen dolandyrmaga gatnaşmaga, işlemäge, dynç almaga, şeýle hem saglygyny gorap saklamaga, durmuş üpjünçiliginden peýdalanmaga, bilim almaga, ylma we döredijilige bolan hukuklaryny hakykat ýüzünde amala aşyrmaga şertleri döretdi.

Konstitusiýany kämilleşdirmek uly ähmiýete eýedir. Amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginleri, köp sanly maksatnamalar esasynda ägirt uly taslamalaryň durmuşa geçirilýän häzirki döwründe bazar gatnaşyklaryny ösdürmek, türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak, Esasy Kanunyň käbir maddalarynda beýan edilen kadalaryň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk getirilmegi örän wajyp bolup durýar. Munuň özi ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen, ýurdumyzyň mundan beýläk hem çalt depginler bilen ösdürilmegine ýardam berer.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň dabaraly bellenilýän günlerinde hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen başy başlanan Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işleriň ähmiýeti has-da ýokarlanýar. Bular barada Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň başynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçiren taryhy duşuşygynda aýratyn belläp geçdi.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň we iri jemgyýetçilik guramalarynyň Mary welaýat guramalary, ähli agzalary hem-de işjeňleri milli Liderimiziň Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça öňe süren başlangyçlaryny tutuşlygyna goldaýarlar. Olaryň döwlet häkimiýet, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen bilelikde milli Liderimiziň alyp barýan parasatly içeri we daşary syýasatynyň many-mazmunyny we maksatlaryny hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça durmuşa geçirilýän iri möçberli döwlet maksatnamalary we syýasy-demokratik özgertmeleri ilata düşündirmek we wagyz etmek üçin tagallalaryny gaýgyrmaýarlar. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça Konstitusion toparyň mejlislerinde eden taryhy çykyşynda hormatly Prezidentimiz syýasy partiýalara we jemgyýetçilik birleşiklerine Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmäge bagyşlap ýörite maslahatlary geçirmegi tabşyrdy.

Ýurdumyzyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň dowamynda halk köpçüliginden gelip gowuşýan möhüm ähmiýetli teklipleriň doly hasaba alynmagyny hem-de her bir türkmenistanlynyň pikiriniň Baş Kanunymyzda öz beýanyny tapmagyny gazanmak biziň esasy wezipämizdir.

Häzirki döwürde durmuşa geçirilýän köpugurly maksatnamalar we özgertmeler her bir raýatyň aýratynlykdaky we tutuş jemgyýetiň bitewülikdäki bähbitleriniň utgaşdyrylmagyna gönükdirilendir we kanunyň rüstemligi bilen berk baglanyşyklydyr.

Türkmenistanyň işjeň daşary syýasatynyň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, daşky gurşawy goramak, maşgala, enelige we çagalyga degişli edaralara döwlet tarapyndan goldaw bermek ýaly netijeli ädimleri abraýly halkara guramalarynyň ýokary bahasyna mynasyp bolýar. Hormatly Prezidentimiziň ýokary ynsanperwer ýörelgelerine hem-de belent adamzat gymmatlyklaryna eýe bolan milli kanunçylygy kämilleşdirmek baradaky teklipleri ählihalk goldawyna eýe bolýar.

Taryhda türkmenler Baýdagyna sarpa goýupdyr, ony ýüzüniň tuwagy, döwletliligiň, bagtyýarlygyň, özygtyýarlylygyň nyşany hasaplapdyrlar. Şonuň üçin biz öz Baýdagymyzyň belentdigine buýsanýarys we guwanýarys!

Hormatly Prezidentimizi, tutuş halkymyzy ýetip gelýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen gutlap, Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw edýäris!

Kakageldi GURBANOW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,

TDP-niň Mary welaýat komitetiniň başlygy.