AGRONOM GYZ hekaýa

Okuwyny üstünlikli tamamlap, agronomlyk hünärine eýe bolan Güljanyň begenjinden ýaňa aýagy ýere degmeýän ýalydy. Ol ýokary okuw mekdebini tamamlap, öýlerine barýardy...

Güljan uçar menzilinden çykanynda, özüne garaşyp duran ata-enesini görüp, has-da begendi. Olar bilen mähirli salamlaşdy. Annagül daýza gyzyny bagryna basyp, maňlaýyndan öpdi. Oraz aga-da daýhançylykda bekän berdaşly gollary bilen gyzynyň elini gysyp, oňa bolan buýsanjyny dile getirdi:

– Berekella, gyzym, kesbiňden kemal tap! Saýlan hünäriňden abraý gazanyp, tamamyzy ödejekdigiňe ynanýandyrys!

Güljan ertesi irden arçynlyga baryp, resminamalaryny tabşyrdy. Arçyn ony güler ýüz bilen garşylap, wezipesine degişli işleriň ugurlary bilen tanyşdyrdy. Meýdana çykyp, oba hojalyk işleriniň gidişi bilen tanşan Güljan hünär saýlamakda ýalňyşmandygyna ýene bir gezek göz ýetirdi. Ol bütin durky bilen işine berlip, gara çyny bilen işe girişdi.

Bir gün agşamara çaý başynda ejesi oňa obadaş ýigidi Sähediň ejesiniň sawçylyga gelendigini, özi bilen maslahatlaşman, olara belli zat aýdyp bilmändigini aýtdy. Güljan garaşylmadyk habara ör-gökden geldi. Ol ejesine entek durmuşa çykmak meýliniň ýokdugyny aýdyp, häzirlikçe şu meselä dolanmazlygyny haýyş etdi. Annagül daýza her näme-de bolsa, gyzyna pikirlenip görmegi, Sähediň erbet ýigit däldigini aýdyp, sözüni jemledi. Güljan ýagşydan-ýamandan sesini çykarman, ýüzüni aşak salyp, sowap ugran çaýyndan owurtlady. Ol aldygyna içinden pikir öwürdi: «Sähet näme üçin özüm bilen gürleşmän, sawçy ýolladyka? Ýa onuň henizem şol çekinjeňligimikä? Sähediň orta mekdepden soň okuwyny dowam etdirmedigin-ä bilýän. Harby gullukdan soň daýhan birleşikde mehanizator bolup işleýändigini eşidipdim...» Şeýle pikirleri aňynda aýlan Güljan çäýnek-käseleri ýygnaşdyryp, dynç almak üçin öz otagyna geçdi.

Iş bilen başagaý bolup ýören Güljan pagta ýygym möwsüminiň başlanmagy bilen hasam köp işlemeli boldy. Ol işe öňkülerinden has ir gidip, öýe gijräk dolanardy. Daýhanlaryň arly ýyllap der döküp ýetişdiren pagtahasylyny yrýa etmän, gysga wagtda ýygnamaklarynda işjeňlik görkezmelidi.

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan pagta ýygymyna başlamaga ak pata berleninden soň, güýçli depgin bilen işe girişildi. Täze gelen döwrebap kombaýnlar çapyljak atlara meňzäp, gowaçaly meýdanyň gyrasyna bezeg berip durdylar.

Möwsüme badalga beriljek güni Güljanam bu ýere Gün dogar-dogarda geldi. Ol hemmeden ir gelendirin öýtdi, ýöne eýýäm bu ýeriň mähellesi ýetikdi. Kärendeçiler ekin meýdanynyň gyrasynda toparlanyşyp, bu ýylyň hasylynyň bol bitendigi barada buýsanç bilen söhbet edýärdiler. Hatar tutup duran kombaýnlaryň ýanynda daýhan birleşiginiň mehanizatorlary jemlenişip durdylar.

Oba arçyny söz sözläp, kärendeçilere alyn derlerini döküp ýetişdiren hasyllaryny yrýa etmän gysga wagtda ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmakda we öňde goýlan şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen amal etmekde üstünlik gazanmagy arzuw etdi. Arkadag Prezidentimiz tarapyndan alnyp berlen täze döwrebap kombaýnlaryň ähmiýeti barada belläp, daýhan birleşiginiň iň ökde mehanizatory Sähet Halmyradowa ýygyma ilkinji bolup başlamagy ynanýandygyny mälim etdi. Hemmeler şowhun bilen el çarpyşdylar.

Sähet ynam bilen sanly ulgama birikdirilen, telematik usulda dolandyrylýan täzeje kombaýna atlandy. Ýerinde ornaşanyndan soň, arçynyň gapdalynda duran Güljana gözastyndan seredip, çalaja ýylgyrdy. Soňam kombaýny ussatlyk bilen dolandyryp, pagta meýdanynyň çetinden girdi. Güljan şol pursatda ony synlap ýetişdi. Sähediň kombaýnda ynamly oturşy, gabadyndan geçende Güljana tarap çalaja nazar aýlaýşy gyzyň nazaryndan sypmady. Hiç zatdan habarsyz arçyn Güljana Sähediň işjanlylygy, adamkärçiligi barada gara çyny bilen janygyp gürrüň berýärdi...

Güljanyň agronomçylyk edýän daýhan birleşigi pagta ýygym möwsümini üstünlikli jemledi. Güýzüň ahyrky aýynda Hasyl toýy toýlanyldy. Obalarynda giňden tutulan hasyl toýuna ähli obadaşlary bilen bilelikde Güljanam gatnaşdy. Toý toýlamak üçin ýörite guralan giň meýdançanyň bir çetinde toý gazanlary hatar tutup bugaryşyp durdy. Hasyl toýy mynasybetli guralan dürli çärelere gatnaşýanlaryň şowhuny asmana göterilýärdi. Oba höwesjeňleriniň ýerine ýetirýän aýdymdyr sazlary toýuň şagalaňyny has-da artdyrýardy. Ine-de, pagta ýygymy möwsüminde aýratyn tapawutlanyp zähmet çekenlere baýrak gowşurylyş dabarasy başlandy. Ilkinjileriň hatarynda Sähediňem ady tutuldy. Oňa baýrak hökmünde ullakan telewizor gowşuryldy. Güljan arçyndan soň onuň ýanyna baryp, zähmetde gazanan üstünligi hem-de alan baýragy bilen gutlady. Güljanyň: «Nesip etsin!» diýen sözlerine Sähet ýuwaşlyk bilen: «Sag bol, belki, ikimize bilelikde ulanmak nesip etsin!» diýip jogap berdi. Güljan Sähediň bu aýdanlaryna jogap berip bilmän, utanjaňlyk bilen ýylgyrdy. Şowhunly ýaňlanan aýdymlysaza joşan ýaş oglan-gyzlar bularyň daşyny gallap, şadyýanlyk bilen tans etmäge başladylar. Güljan bilen Sähedem olara goşuldy. Hasyl toýy diýseň şagalaňly geçdi. Toýdan soň gyzy öýlerine çenli ugradan Sähet oňa täzeden sawçy ugratjakdygyny ýaňzytdy. Ýaňaklaryna al öwüşgin çaýylan Güljan sülmüräp aşak bakdy.

Täze ýylyň öň ýanynda agronom gyz Güljan bilen mehanizator ýigit Sähet bagt toýuny tutdular.

 

Kümüş MÄTNIÝAZOWA, TDP-niň Ahal welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy

“Parahatlyk ýürek baýdagy, Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” atly bäsleşige.