Ajaýyp kitaby okap..

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünliklere beslenýän Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylymyz özüniň guwandyryjy wakalary bilen türkmen halkynyň täze taryhynyň altyn sahypalaryny baýlaşdyrýar. Giňden bellenilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýunyň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly täze kitabynyň neşir edilendigi baradaky şatlykly habar hem halkymyzy örän begendirdi we guwandyrdy.

Döwlet Baştutanymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly täze eserinde örän gymmatly maglumatlar getirilýär. Ol maglumatlaryň hemmesi ylmy taýdan öwrenilen, juda wajyp ähmiýetli taglymatlardyr. Bu bolsa biziň ýaş nesillerimizi watan söýüjilik ruhunda terbiýelemäge, asyrlaryň dowamynda kemala gelen ýagşy edim-gylymlarymyzyňdyr däp-dessurlarymyzyň dowamatynyň dowam bolmagyna giň ýol açýar. Hut şonuň üçin hem Gahryman Arkadagymyz dana pederlerimizden gelýän ajaýyp milli ýörelgelerimizi biziň durmuşymyza kämil görnüşinde ornaşdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň täze kitabynda belleýşi ýaly, biziň döwrebaplyk syýasatymyz şu günüň şowly ädimlerinden gözbaş alýar. Gahryman Arkadagymyz täze kitabynda biziň şöhratly geçmişimiz bilen häzirki bagtyýar döwrümizi birleşdirýän ruhy köprini gurup, türkmen halkynyň şöhratly milli ýörelgesini ajaýyp teswirleýär.

TDP-niň Ýolöten etrap komiteti hem öz işjeň agzalary bilen bilelikde Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyny etrabymyzyň ähli künjeginde geçirýär. Ol dabaralara okyjylar

işjeň gatnaşýarlar. Biz hem hormatly Prezidentimize şeýle gymmatly sowgady üçin alkyş aýdyp, janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň has-da rowaç almagyny arzuw edýäris. Goý, belent mertebeli Arkadagymyzyň galamy mundan beýläk-de ýiti bolup, okyýjylary yzygiderli begendirip dursun!

Ejegyz Akymmaýewa, TDP-niň Ýolöten etrap komitetiniň partiýa guramaçysy

“MARU-ŞAHU JAHAN” gazeti

17.11.2020 ý

 

tags: