Ajaýyp ösüşleriň waspçysy

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy buýsanç bilen bellenilen Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly türkmen taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak buýsançly ýyllaryň birine öwrülýär.

Halkymyzyň asudalygyny, bagtyýarlygyny, jan saglygyny ähli zatdan ileri tutýan milli Liderimiziň başda durmagynda halk hojalygynyň hemme pudaklary ajaýyp ösüşlere eýe bolýar. Ilatyň hal ýagdaýyny gowulandyrmak üçin uly işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiziň Türkiýäniň döwlet teleradiokompaniýasynyň “TRT World” teleýaýlymynyň sowallaryna beren jogabynda jaýdar belleýşi ýaly, bu gün Türkmenistan durnukly ösýän ykdysadyýeti, uly senagat-önümçilik binýady, köpugurly ulag we kommunikasiýa ulgamy, kuwwatly energetika toplumy, döwrebap oba hojalygy bolan döwletdir.

Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda Diýarymyzyň dünýä ýüzündäki at-abraýy barha arşa galýar. Watanymyzyň teklibi boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan birnäçe Kararnamanyň kabul edilmegi hem muňa doly şaýatlyk edýär. Bilşimiz ýaly, şu ýylyň 16-njy dekabrynda TDP-niň döredilmegine 30 ýyl dolýar. Milli Liderimiziň alyp barýan ajaýyp syýasaty, ýurdumyzyň äleme äşgär bolan at-abraýyny, beýik ösüşlerimizi, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylýan üstünliklerimizi wagyz-nesihat etmekde esasy syýasy gurama bolan Türkmenistanyň Demokratik partiýasy öz işini döwrüň talabyna laýyk alyp barýar.

TDP-niň Mary şäher komitetinde hem wagyz-nesihat toparlary hereket edýär. Olara dürli ugurlarda zähmet çekýän, belent ösüşlerimizi, öz oý-pikirlerini sada dilde aýdyň düşündirip bilýän hünärmenler, ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşýarlar. Wagyz-nesihat toparymyzyň agzalary halkymyzyň agzybirligini berkitmekde, ýaş neslimiziň edepli-tertipli, milli gymmatlyklarymyza ygrarly bolup ýetişmeklerini gazanmakda, Watanymyzda gazanylýan üstünlikleri, taryhy özgertmeleri we olaryň ähmiýetlerini gyzgyny bilen halka ýetirmekde öwgä mynasyp işleri alyp barýarlar.

Häzirki wagtda şäherimizde ýerleşýän edara-kärhanalarda, çagalar baglarynda, mekdeplerde, okuw jaýlarynda ilkinji partiýa guramalarynyň 238-si hereket edýär. Hormatly Prezidentimiziň Watanymyzy bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barmakdaky taýsyz tagallalaryny wagyz-nesihat etmekde TDP-niň işjeň agzalary hem çetde durmaýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun! Il-ýurt, umumadamzat bähbitli alyp barýan beýik işleri mundan beýlägem rowaç bolsun!

Hekimberdi Orazberdiýew, TDP-niň Mary şäher komitetiniň başlygy

“MARU – ŞAHU JAHAN” gazeti

25.11.2021 ý

 

tags: