Ajaýyp senediň ussatlary

Sarahs etrabyndaky 8-nji çagalar bagynda «Kesp-kärim nesillere görelde» atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi. Baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan çagalar baglarynyň terbiýeçidir mugallymlarynyň arasynda yglan edilen bäsleşigiň bu tapgyry täsirli boldy.

Zehinli, eli hünärli gyz-gelinleriň ussatlygyny artdyrmak maksadyndan ugur alnyp geçirilen bäsleşikde etrapdaky çagalar baglarynyň terbiýeçidir mugallymlary çykyş etmek bilen, el işleriniň dürli görnüşlerini ýerine ýetirdiler. Olar ene-mamalarymyzdan gelýän milli gymmatlyklarymyza, halypa-şägirtlik gatnaşyklaryna aýratyn ähmiýet berýändiklerini, asylly ýörelgelerimizi dowam etdirmekde tagalla edýändiklerini çykyşlarynyň üsti bilen görkezdiler. Eli çeper gelin-gyzlaryň el hünärine degişli işleri ýerine ýetirmegiň aýratynlygy, inçe senediň taryhyna degişli maglumatlary dogrusyndaky gürrüňleri, bäsleşik üçin taýýarlan el işleriniň görnüşleri has-da täsirli boldy.

Gyzykly geçen bäsleşikde etrapdaky 10-njy çagalar bagynyň bilim işgärleri Baş baýragy, 14-nji, 12-nji, 7-nji çagalar baglarynyň terbiýeçidir mugallymlary degişlilikde 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlary eýelediler. Ýeňijilere hormat hatlary we ýörite sowgatlar gowşuryldy.

Mähri Batmanowa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Sarahs etrap komitetiniň hünärmeni

“Ahal durmuşy” gazeti

16.11.2020 ý

tags: