ALABAÝYŇ WEPADARLYGY

Küren obanyň dowaryny köp ýyllap mal yzynda gezen Oraz atly çopan bakýardy. Ol her gün iňrik garalyberende mallary obanyň çetindäki agyla getirerdi. Şol ýerde oba ilaty goýun-geçilerini sagardy. Olar ir säherden ene mallary owlak-guzularyndan aýryp, çekene çopanyna tabşyrardylar.

...Çekene çopan mallary oba getirende ýüzi aladaly görünýärdi. Oba adamlary Orazy şeýle halda heniz görmänsoňlar, ondan halyny soramagyň ebeteýini tapman durdular.

Şol gün çekene çopan Aýbölegiň yhlas edip taýýarlan jüýjeli palawyny göwünli-göwünsiz iýdi. Gelniniň näz-kereşmesine mynasyp jogap bermän, esli wagtdan sowap giden gök çaýyny haýallyk bilen içdi. Şo-ol seredip oturşyna hiç bir zat hakynda dil ýarman uka gitdi.

Soňky wagtlarda örüde goýun-geçi ölüp başlady. Möjekmi, şagalmy, tilkimi, haýsydyr bir nägehan dowarlary ýaralap gidýärdi.

Ertesi gün çekene çopan Oraz adata öwrülen endigine eýerip, sürini öri meýdana çykardy. Dowarlary kömekçisine tabşyryp, sürini düýnki bakan örüsine ugratdy. Ol şu gün dowarlaryň ölüm-ýitiminiň syryny bilmek üçin şu ýere gelipdi. Çekene çopanyň münüp gelýän çal eşeginiň yzyndan Alabaý hem galarly däldi.

Çal eşek oýdan baýyrlyga çykanda hyzzyn atyp tasdan hem Oraz çopany üstünden agdarypdy. Ol zordan eşegiň gaňňasyndan ýapyşyp ýetişdi. Eşek gelen ýodasy bilen yzyna gaçyp başlady. Çopan nämäniň nämedigine tiz düşündi. Tüýleri syh-syh bolan çal möjek eşegiň yzyndan galanokdy. Çopana elindäki taýagy bilen goranmakdan başga çäre galmady, ýöne möjek çopan taýagyndan ejizlejek jandara meňzänokdy. Hernä Alabaý ýetişäýdi. Ol gele-gelmäne çal möjegiň ýeňsesinden agyz urup, ony ýere pylçap urdy. Alabaý eden işinden hoşal bolup jonnuk guýrugyny bulaýlap Oraz çopanyň daşyndan birnäçe gezek aýlandy.

Hemme zat aýan boldy. Esasy sebäpkär çal möjek bolup çykdy. Hoşal bolan Oraz çopan Alabaýy şol gün goýnuň guýruk ýagyna eýlenen logala bilen naharlady.

Şol gün ýowuz ýagyny ýeňen wepadar köpegiňem keýpi kökdi.

Şahymerdan SARY ogly,

TDP-niň Türkmenbaşy şäher komitetiniň partiýa guramaçysy.