Alkyşlara beslenen ak arzuwlar

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyzda bolup geçýän şanly wakalara bagtyýar raýatlarymyzyň buýsanjynyň egsilmezdigine geçirilýän dürli çäreleriň mysalynda göz ýetirmek bolýar. Welaýat kitaphanasy bilen bilelikde bu medeni ojakda geçiren maslahatymyzam şeýle çäreleriň biri bolup, ol «Ýoluňyz ak, işleriňiz rowaç bolsun!» diýlip atlandyryldy.

Maslahatda çykyş edenleriň buýsanç bilen nygtaýyşlary ýaly, paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipesine girişmegine bagyşlanyp geçirilen dabara halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň, şol bir wagtda hem Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryndan ugur alnyp, ýaşlara belent ynam bildirilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup dabaralandy. Onda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň eden taryhy çykyşy bagtyýar raýatlarymyzyň kalbynda hemişelik orun aldy. Durmuşa geçiriljek beýik işlerde döwlet Baştutanymyzyň daşyna berkden-berk jebisleşip, zähmetsöýerligiň belent nusgasyny görkezmek hemmeleriň borjudyr.

Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagy, alyp barjak beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegi baradaky arzuwlar maslahatdaky çykyşlaryň esasyny düzdi.

Şemşat Tagyýewa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkanabat şäher komitetiniň partiýa guramaçysy

“Balkan” gazeti

31.03.2022 ý

 

tags: