ALKYŞ SIZE, ARKADAG!

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şöhratly ýyllary içinde galkynan Diýarymyzda “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň iň ajaýyp hem arzyly günleri dowam edýär. Munuň özi merdana milletimiziň milli derejesiniň galkynyp, eşretli durmuşyň dowamlydygyny alamatlandyrýar. Şol sanda döwletli döwrümizi we gazanylýan üstünlikleri wasp edip, dünýä ýaýýan Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň işgärleri hem döredijilik ylhamyna beslenýär. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň agzalary hökmünde — biz hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan adalatly, ynsanperwer, hoşniýetli, parahatçylyk söýüjilikli içeri we daşary syýasatyny “Döwlet adam üçindir” diýen ýörelge esasynda amala aşyrylýan beýik işlerini, döwlet syýasatynyň rowaçlygyny, ýurdumyzyň gazananlaryny, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny wagyz-nesihat etmäge çalyşýarys. Asylly wezipeleri durmuşa geçirmekde, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşantlarymyzy goşmaga bolsa ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda çekilen halal zähmete ýokary baha berlip, ildeşlerimiz döwlet sylaglary bilen sylaglanýar. Çekilen zähmete mynasyp baha berilýän bagtyýar döwürde döredijilikli işlemek we täze üstünliklere ruhlanmak bolsa bizi eşretli ertirlere atarýar.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Permany bilen Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli dürli ulgamlarda zähmet çekýän watandaşlarymyzyň ençemesi döwlet sylaglary bilen sylaglandy. Şu taryhy pursatlarda Gahryman Prezidentimiziň Şa serpaýy — “Gaýrat” medaly bilen sylaglanmak bagty maňa hem miýesser etdi.

Şanly Garaşsyzlygymyzyň toýly günlerinde Gahryman Arkadagymyza çäksiz sag bolsun aýdýarys we baş baýramçylygymyz bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.

Roza Rahymowa,Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň partiýa guramaçysy

 

tags: