ALKYŞ SIZE, ARKADAG!

Milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda barha belende göterilýän Watanymyzyň at­abraýy biziň her birimiziň ykbalymyzy galkyndyrýar, şanly günlerimiz dowam edip, bagtyýar pursatlar rowaçlanýar. Ykdysadyýetde, syýasatda we medeniýetde ýetilýän belent sepgitler biziň her birimizi geljege ruhlandyrýar.

Öz zähmet üstünlikleriň bilen Garaşsyz Diýaryň ösüşlerine goşant goşmak, yhlasly işläp, geljege tarap ynamly gadam basmak şu ýurduň bagtly raýatlary üçin uly buýsançdyr. Şeýle buýsançly günleriň eýeleri hökmünde bolsa döwletimiziň döreden mümkinçiliklerine jogap edip netijeli işlemek, döretmek we kuwwatly ösüşlere dahylly bolmak uly bagtdyr.

Toýlarymyzyň toýlara ulaşýan günlerinde Arkadag Prezidentimiziň Permany bilen döwlet sylagy — Türkmenistanyň “Gaýrat” medaly bilen sylaglanmagym meniň üçin ýatdan çykmajak ajaýyp waka boldy. Garaşsyzlygymyzyň toýlanýan günlerinde Şa serpaýy bilen toý şatlygymyzy goşalandyran hormatly Prezidentimize alkyşymyz çäksizdir. Ýatdan çykmajak bagtly pursatlary peşgeş beren, ata Watany söýmegiň beýik nusgasyny görkezen Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy belent bolsun! Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýy gutly bolsun!

Gülnar Akjigitowa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň partiýa guramaçysy

 

tags: