ALKYŞ SIZE, ARKADAG!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri bedew bady bilen ynamly öňe barýan demokratik, dünýewi we hukuk döwletimiziň deňsiz-taýsyz ösüşleri gazanýan eýýamydyr. Garaşsyzlyk ýyllary içinde durmuşymyzyň ähli ugurlarynda ýaýbaňlandyrylan beýik işler, asyrlara ýaň saljak özgertmeler berkarar Watanymyzyň keşbini has-da gözelleşdirýär. Jemgyýetimiziň baş başlygy bolan adamyň ýaşaýyş-durmuş şertleri barasynda döwlet derejesi tarapyndan edilýän çäksiz aladalar mähriban halkymyzyň abadan, bolelin we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ösüşleriň belentliklerine sary öňe barýan Diýarymyzyň her bir güni taryhy wakalara beslenýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň „Döwlet adam üçindir!“ diýen baş ýörelgesiniň durmuş ýüzündäki aýdyň beýanydyr. Milli Liderimiziň döredip berýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp, bu ösüş-özgerişe goşandymyzy goşmak biziň her birimiziň mukaddes borjumuzdyr.

Men hem Türkmenistanyň Demokratik partiýasynda zähmet çekip, hormatly Prezidentimiziň Permany bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli bagtyýar ildeşlerimiziň hatarynda Türkmenistanyň „Watana bolan söýgüsi üçin“ medaly bilen sylaglandym. Bu sylagy men ähli partiýadaşlarymyza berlen sylag diýip düşünýärin we  Şa serpaýy üçin Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyşlar aýdýaryn.

Hormatly Prezidentimiziň bize berýän döwlet sylaglary, dakýan hormatly atlary, Şa serpaýlary biz mähriban Watanymyzyň, eziz halkymyzyň bagtly geljegi üçin mundan beýläk hem yhlasly zähmet çekmäge borçly edýär. Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp durmuşda ýaşamak, gurmak, döretmek üçin alyp barýan işlerine goşant goşup biziň her birimiz öz ornumyzda ähli gujur-gaýratymyzy, döredijilik güýjümizi sarp edip yhlasly işläris diýip ynandyrasym gelýär.

Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulanmagy, ýurdumyzyň abadançylygy ugrunda uly aladalar edýän, bize ähli babatda şahsy görelde görkezýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň mydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin!

Jemile Artykowa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň bölümçe müdiri

 

tags: