ALKYŞ SIZE, ARKADAG!

Tahyr Öwezow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Serdar şäher komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty:

  • Heniz okuwçy döwürlerimizde sap bäşlik bahalar bilen okap, mugallymyň öwgülerinedir “Hormat hatyna” mynasyp bolsak, şol gün biziň begenjimiziň çägi bolmazdy. Ene-atalarymyza, ýakyn hossarlarymyza gazanylan bu kiçijik üstünligi buşlamak diýseň ajaýypdy. Bu diňe bir mekdep okuwçysy wagtyň gazanan kiçijik üstünligiň. Emma ýurduň hormatly Prezidentinden, halkyň Gahryman Arkadagyndan şa serpaýyna mynasyp bolmagyň bagty söz bilen beýan ederden has uly, has ajaýyp duýgy. Çeken ujypsyz zähmetime Gahryman Arkadagymyzyň uly baha bermegi, “Watana bolan söýgüsi üçin” medal bilen sylaglamagy başymyzy göge ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiziň sylagyna mynasyp bolmak, Watan öňündäki jogapkärçiligimizi ýokarlandyrýar, mundan bu ýana hem, Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan il bähbitli, ýurt ähmiýetli syýasatyny, “Döwlet adam üçindir!” diýen şygar astynda halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşatmak babatda alyp barýan halk bähbitli işlerini wagyz-nesihat etmekde argynsyz zähmet çekmäge iterýär.

Dünýäde ykrar edilen Milli Liderimiziň öňe sürýän her bir başlangyjy dünýä halklary tarapyndan gyzgyn garşylanýar we uly seslenmä eýe bolýar. Munuň şeýledigini Türkmenistan döwletimiziň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde “2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamasynyň kabul edilmeginde hem görýäris. Her ýyly bir şygar astynda geçirilmegi däbe öwrülen parahatçylyga, asudalyga uly orun berýän Diýarymyzda geçen ýyl “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” diýlip atlandyrylan bolsa, 30-njy dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 2020-nji ýylyň jemlerine bagyşlanan iň soňky mejlisinde Melisiň Başlygynyň 2021-nji ýyly mynasyp atlandyrmak we ýylyň nyşanyny tassyklamak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat bermegi bilen bu meselä garaldy. Netijede, şol mejlisiň barşynda bolsa, 2021-nji ýyl, ýagny gadam basan şu ýylymyz “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edildi. Munuň Birleşen Milletler Guramasynyň 73-nji mejlisinde kabul eden Kararnamasy bilen hem utgaşýandygyny bellemek gerek. Hut şu ýylda, “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda, şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň şa serpaýynyň ýapylmagy meniň üçin ýene bir baýrançylyk boldy. Baýramçylyk şatlygymy goşalandyrdy.

Şeýle ajaýyp pursatdan peýdalanyp, halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşatmak ugrunda, irginsiz zähmet çekýän, beýik tagallalary edýän Milli Liderimiziň janynyň sag bolmagyny, alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň hemişe rowaçlylara beslenmegini arzuw edýärin. Hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik bolsun!

 

tags: