Alkyş size, Arkadag!

Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Babadaýhan etrabynda täze, iri dokma toplumynyň açylmagy ýatdan çykmajak wakalaryň birine öwrüldi. Bu dokma toplumynyň açylyşyna Arkadag Prezidentimiziň ak pata bermegi we etrabyň ähli zähmetkeşlerini mähirli gutlamagy dabaranyň şatlyk-şowhunyny has-da belende göterdi. Uly ruhubelentlige, şatlyk-şowhuna beslenen dabarada oňa gatnaşan ildeşlerimiziň göwün göteriji, buýsançly sözlerini diňlemek, olaryň şatlygyny deň paýlaşmak biz üçin has-da ýakymly boldy. Şeýle bolansoň olaryň käbiriniň buýsançly sözlerini okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Şageldi Baýramow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Babadaýhan etrap komitetiniň başlygy:

— Şu şatlyky pursatda Arkadag Prezidentimiziň: «Dokma senagaty Türkmenistanyň ykdysadyýetini senagatlaşdyrmagyň öň hatarynda barýar!» diýen ajaýyp sözlerini buýsanç bilen ýatlasym gelýär. Biz kalbymyzyň töründen ömürlik orun aljak şu ajaýyp pursatlarda Arkadag Prezidentimiziň buýsanç bilen aýdan sözleriniň hakykat ýüzünde durmuşa geçirilýändiginiň şaýady bolduk. Bu şatlykly waka etrabyň zähmetsöýer halkynyň kalbyna buýsanç nuruny çaýyp, egsilmez joşgun berdi. Iri dokma toplumynyň açylyş dabarasyna milli Liderimiziň gatnaşmagy onuň şatlyk-şowhunyny has-da belende göterdi. Täze toplum ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» öz mynasyp ornuny tapar. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysadyýetini senagatlaşdyrmak işiniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Toplumda öndüriljek täze önümler dokma senagatynyň eksport mümkinçiligini artdyrmaga hem-de daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçiligi döretmäge uly ýardam eder. Täze toplumyň ulanmaga berilmegi etrabymyzyň zähmetsöýer pagtaçylaryny, kärendeçilerini uly zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy. Çünki pagta dokma senagaty üçin esasy çig mal bolup durýar. Şeýle ajaýyp toplumy açyp, etrabymyzyň ilatyny çäksiz begendirip, uly sowgat eden Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!

“Ahal durmuşy” gazeti

19.11.2021 ý

 

tags: