ALTYN SAHYPALARDAKY ZERBAP ÝAZGYLAR

Arkadagly Watanda

Halk ykbalyny özgerden ajaýyp zamanamyzyň her bir güni, her bir aýy, her bir ýyly milli senenamamyzda taryhy wakalar bilen möhürlenýär. Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda rowaçlyklara beslenýän günlerimiziň ajaýyp pursatlary bagtyýarlygyň bagt şuglasy bolup, durmuşymyzy özboluşly röwşe çaýýar. Her bir ýylymyzyň ýatdan çykmajak ýakymly pursatlara beslenmegi, merdana milletimiziň mertebesini belende götermegi gönüden-göni ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygy bilen baglydyr.

Biri-birinden zyýada gelýän ýyllaryň bir-birinden owadan pursatlary, ajaýyp wakalary her birimiziň ykbalymyza siňdi, döwletimiziň mizemez binýadyny gurdy. Döwletli döwrümizde öňde goýlan möhüm wezipeleriň üstünlikli çözülmegi ýurtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda işlenip düzülen milli we pudaklaýyn maksatnamalaryň rowaçlanýandygyny alamatlandyrýar.

Il alkyşly, beýik maksatly Gahryman Arkadagymyzyň döwlet syýasatynyň örän oýlanyşykly durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty artyp, syýasy abraýy belende göterilýär. Agzybir halkymyzyň jebislikde gazanan üstünlikleri we ruhy-medeni taýdan ýeten belent derejesinden türkmen mertebesiniň şany dünýä içre dabaralanýar. Muny biz üstümizdäki «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň geçen aýlarynyň jemlerinde hem aýdyň görüp bilýäris. Diňe mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň dabaralarynyň mysalynda hem Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanymyzyň ösüşli menzilleriniň beýik derejelerine göz ýetirmek bolýar.

Bu gün sagdyn we ruhubelent durmuşda ýaşap, zamananyň eşret-hözirini, halal zähmetiň rehnetini görýän watandaşlarymyz bolelin durmuşda ýaşaýar. Munuň özi ýurdumyzda bazar bolçulygyny döretmekde hususy ulgamyň netijeli işleri alyp barýandygyny alamatlandyrýar. Kiçi we orta telekeçiligi ösdürip, hususyýetçilige hem-de senagat pudagyna aýratyn orun berýän döwletimizde milli önümlerimiziň möçberi artdyrylýar. Häzirki döwürde täze tehnologiýalaryň we önümçilik desgalarynyň sany köpelip, jemgyýetimizde ösen zähmet giňişligi kemala gelýär. Hut şu ýylda hem ilatyň zähmet we durmuş goraglylygy düýpli kämilleşdirildi. Ähli ulgamlary bir bitewülikde galkyndyrýan döwlet Baştutanymyzyň syýasy we durmuş-ykdysady özgertmeleri hem-de ynsanperwer çözgütleri Watanymyzyň ösüşleriniň binýadydyr.

Daşary syýasatda hem-de halkara gatnaşyklarda gazanylan üstünlikler Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligindäki ornuny has-da pugtalandyrýar. Dünýäniň köp sanly döwletleri bilen hyzmatdaşlygyň gerimi giňäp, iki taraplaýyn we köpugurly esasdaky ylalaşyklaryň ençemesi gazanylýar. Abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolmagy hem döwletli döwrüň buýsanmaly hakykatydyr. Ýurdumyzyň ynsanperwer ýörelgelerine ýugrulan daşary syýasatynyň dünýä bileleşigi tarapyndan gyzgyn goldanylýandygyny äşgär edýän başlangyçlar diňe bir halkymyzyň halkara abraýyny artdyrman, oňyn Bitaraplyk ýörelgesiniň täzederejede ykrar edilýändiginiň hem ýüze çykmasydyr.

Durmuş üpjünçiliginiň we halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy bolsa türkmen ýaşlarynyň ykbalyna gönüden-göni täsir edip, ýaş raýatlaryň asylly işlere işjeň gatnaşmagyny we goşant goşmagyny şertlendirýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, ykdysadyýetimiziň sanlylaşdyrylmagy ýurdumyzyň dünýädäki ornuny berkitmekde möhüm we öz wagtynda amal edilýän işdir. Ýurdumyz sanly ykdysadyýete geçmek bilen kompýuterleşdirilen we döwrebaplaşdyrylan iş usullaryny özleşdirip, ösüşiň tiz we okgunly ugry boýunça täze derejelere çykýar. Interaktiw we kompýuterleşdirilen ulgamlardan baş çykarýan hem-de ylmy oýlap tapyşlary jemgyýete ornaşdyrmaga ukyply ýaşlaryň sowatly hünärmenler hökmünde kemala gelmegi diýseň buýsançlydyr. Çünki häzirki wagtda ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmakda sanly bilim ulgamynyň mümkinçilikleri işjeň peýdalanylýar.

Ýurtda dabaralandyrylýan düýpli we köpugurly özgertmeleri şu günki hem-de geljekki nesilleriň bagtyýarlygy üçin amala aşyrýan hormatly Prezidentimize biz tüýs ýürekden buýsanmaga haklydyrys hem-de döwletli syýasatymyza ses goşup, öňde duran beýik işleri durmuşa geçirmäge goşandymyzy goşmaga borçludyrys.

Ata Serdarow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty.

“Watan” gazeti

04.11.2021 ý.

 

tags: