Şaly harmany beýgelýär

Şu günler welaýatymyzda şaly oragy gyzgalaňly dowam edýär. Kerki etrabynyň şalyçylary hem bu işe ýakyndan goşant goşýarlar. Şu ýyl etrapda 350 gektar ýere şaly ekildi. Şunça ýeriň her gektaryndan 45 sentnerden gowrak hasyl almak meýilleşdirilýär. Her biri 60 gektar ýere şaly eken Osman Söhbetow adyndaky we «Mürzebeggala» daýhan birleşikleriniň şalyçylary eýýäm arzyly sepgide ýetip, şertnamalaýyn borçnamalaryny berjaý etdiler. Etrabyň beýleki dört daýhan birleşigi hem muňa örän ýakyn geldi. Şu ýylky şaly oragyna etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasyna degişli kombaýnlaryň 14-si gatnaşdyrylýar. Olaryň 12-si «Claas», galan ikisi «John Deere» kysymly kombaýnlardyr. Ýakynda biz etrabyň «Azatlyk» daýhan birleşiginde Toýly Reýimowa berkidilen şaly meýdanlarynda işleriň barşy bilen tanyşdyk. Ol şu ýyl 21 gektar ýerde şaly ekipdir. Tüweleme, hasyl örän bitginli. Aňyrsy göz ýetime çenli siňip gidýän atyzlarda iki ýana gezip ýören «Claas»-yň bunkeri haýal etmän şalydan dolupdur. Ak ýollaryň bezegi bolan ak «KaMAZ»-lar bolsa hasyly harmanhana daşaýar.

― Şaly ýetişdirmekde tejribeli ýigitler bilen işleşýäris. Olar goňşy etraplardan hem gelip, bize ýardam berýärler. Dökün, suw, tehnika babatynda hiç hili bökdençlik ýok. Şonuň üçin işlerimiz ugruna. Nesip bolsa, şertnamalaýyn borçnamamyzy abraý bilen berjaý ederis ― diýip, kärendeçi täze hasyldan ynamly gürrüň berýär. Şaly hakynda gürrüň açylsa, ýadyňa ilki bilen tagamlaryň seresi palaw düşäýýär. Ýöne häzirki zaman jemgyýetinde tüwi örän köp ýerde ulanylýar.  Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň şaly harmanlary ýyl-ýyldan beýgelýär. Welaýatymyzyň şalyçylary hem şu ýyl Watan harmanyna 47,4 müň tonna hasyl tabşyrmak üçin gijesini-gündiz edip işleýärler.

Rahmanberdi Öwezow, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kerki etrap komitetiniň başlygy

“Türkmen gündogary” gazeti

10.11.2020 ý

tags: