ŞANLY TOÝUŇ ŞANYNA

Ýakynda ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanyp etrabymyzyň Medeniýet öýünde «Bitaraplyk — dilde dessan, öňe barýar Türkmenistan» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. TDP-niň Tejen etrap komitetiniň etrap häkimligi we beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guran baýramçylyk dabarasynda edilen çuň many-mazmunly çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda baky Bitarap döwletimiziň bedew batly ösüşleri hem bagtyýar zamanamyzda ýeten belent sepgitleri barada buýsançly gürrüň edildi.

Belent heňde, süýji labyzda ýaňlanan aýdym-sazlarda, ajaýyp şygyrlarda we ussatlyk bilen ýerine ýetirilen folklor çykyşlarynda berkarar Watanymyzyň waspy ýetirilip, ähli üstünliklerimiziň hem rowaçlyklarymyzyň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyldy.

Şeker BAÝMUHAMMEDOWA

TDP-niň Tejen etrap komitetiniň işgäri

“Galkynyş” gazeti

04.11.2020 ý

 

tags: