ŞANLY WAKALARA BAGYŞLANDY

Geçen hepdede Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň we Daşoguz welaýat, etrap, şäher komitetleri niň jogapkär işgärleriniň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda eziz Diýarymyzda bolup geçýän möhüm wakalary has da dabaralandyrmak, ýokary derejede guramak bilen baglanyşykly pikir alşyldy. Şol sanda hormatly Prezidentimiziň doglan güni — Pygamber ýaşynyň dolmagy mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeginde geçirilen dabaralar barada buýsanç bilen gürrüň edildi. Şu mynasybetli daşary ýurtlaryň döwlet ýolbaşçylaryndan milli Liderimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatynyň netijesinde ähli ulgamlarda gazanylýan üstünlikleri beýan edýän gutlaglaryň gelip gowuşandygy, şanly wakalaryň öň ýanynda merdana daýhanlarymyzyň galla taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirip, Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak guş-gursak ak bugdaýyň tabşyrylandygy guwanç bilen bellenildi.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň welaýatlaryna amala aşyran iş saparynyň dowamynda kärendeçi daýhanlar bilen söhbetdeş bolmagy Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjylarynyň kalbyny joşguna besledi. Welaýatyň edermen daýhanlarynyň şu ýyl ýurdumyzyň galla harmanyna 265 müň tonnadan gowrak däne tabşyrmaklarynyň uly üstünlikleriň biridigi nygtaldy. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşly gynda gazanylan üstünlikler barada durlup geçildi. Ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň başlygynyň orunbasarlygyna saýlanandygy baradaky hoş habaryň gelip gowuşmagy, bu wakanyň bolsa milli Liderimiziň alyp barýan örän oýlanyşykly daşary syýasat başlangyçlarynyň mundan beýläk-de dünýä jemgyýetçiliginde dabaralanjakdygy we hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda aýratyn mana eýedigi barada buýsançly söhbet edildi.

Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz welaýat gu ramalarynda partiýa işiniň ýola goýluşy, toplanan tejribeler, öňde duran wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň öňünde goýýan wezipelerinden ugur alyp, olary durmuşa geçirmek boýunça syýasy düşündiriş, wagyz -nesihat işleriniň yzygiderli alnyp baryljakdygy bellenildi. Wideoaragatnaşyk arkaly şeýle maslahatlaryň geçirilmeginiň Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat, etrap, şäher komitetleriniň işleriniň netijeliligini artdyrmaga ýardam edýändigi aýratyn nygtaldy.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň Gökdepe metjidinde beren akgoýun toý sadakasynyň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg edip, Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan belent maksatly tutumlarynyň elmydama üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Pena AŞYROW,

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri.