ŞANLY WAKALARA BESLENÝÄN DIÝARYM

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Türkmenistan Diýarymyzyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna barýan günlerimizde il-ýurt, döwlet ähmiýetli beýik işler amala aşyrylýar. Toýa sowgatly barmagy däbe öwren watandaşlarymyzyň her biri bu ajaýyp baýramçylygy mynasyp zähmet üstünlikleri bilen garşylamak ugrunda ruhubelentlik bilen zähmet çekýärler.

Ýaňy-ýakynda Ahal welaýatynda-da şanly wakalaryň birnäçesi bolup geçdi. Hormatly Prezidentimiziň Ahal topragyna Şa gadamynyň düşmegi döwletlilikden nyşan. Ýagny, Köpetdagyň etegindäki iň gözel ýerleriň biri bolan ekologik taýdan arassa, jana şypa beriji howaly Bagabat jülgesinde Arkadag Prezidentimiziň gatnaşmagynda döwrebap «Bagabat» şypahanasynyň dabaraly açylmagy, «Saglyk» binasynyň, Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly daýhan birleşiginde saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerine niýetlenilip gurlan ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýynyň açylyp ulanylmaga berilmegi ildeşlerimiziň kalbyny ýatdan çykmajak ýakymly wakalara besledi. Ýeri gelende bellesek, Ýewropanyň iň tanymal kompaniýalarynyň öndüren enjamlary ornaşdyrylyp ulanylmaga berlen «Bagabat» şypahanasynyň dem alyş ýollarynda emele gelen keselleri bejermekde we keselleriň öňüni almakda ähmiýeti örän uludyr. Şeýle hem bu şypahanada ýörite guralan ýogaterapiýa otagynyň kömegi bilen fiziki hem-de ruhy keselleri bejermek mümkinçiligi hem döredilendir. Bulardan başga-da, şypahana gelýänler üçin medeniýetli dynç almak hem-de Arkadag Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda giňişleýin maglumatlary beýan edilýän türkmen sährasynda bitýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylýan melhemlik içgilerden peýdalanmak mümkinçilikleri hem döredilendir.

Hormatly Prezidentimiziň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek ugrunda alyp barýan möhüm ähmiýetli işleriniň ýene-de bir mysaly Ahal welaýat ýokanç keselleri hassahanasynyň gurlup ulanylmaga berilmegidir. Dünýäniň iň bir ösen döwletleriniň öndürýän tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrlyp, halkymyzyň saglygyny berkitmekde ýokary derejeli hyzmatlary amala aşyrjak bu hassahana welaýatymyzyň ilatyny diýseň begendirdi. Bejeriş edarasynyň düzüminde funksional anyklaýyş, wirus gepatiti, ýokarky dem alyş ýollarynyň, içegäniň ýokanç keselleri, aýratyn howply ýokanç resperator keselleri, barlaghana bölümleri hereket edýär. Şeýle hem bu ýerde hirurgiýa, reanimasiýa, akuşerçilik, fizioterapiýa, dispanser bölümleri bar. Näsaglar üçin bir we iki orunlyk palatalardan başga-da, umumy salkynlaýyş ulgamyndan aýratynlykda ýerleşýän şahsy bölümler göz öňünde tutulan. Hassahana Germaniýada, Şwesiýada, Italiýada, Fransiýada, Ýaponiýada, ABŞ-da, Günorta Koreýada, Niderlandlarda, Çeh Respublikasynda, Beýik Britaniýada we Hytaý Halk Respublikasynda öndürilen iň täze lukmançylyk we tehniki enjamlar, gurnamalar hem-de gurallar bilen üpjün edilipdir.

Bu ýerde geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde hormatly Prezidentimiziň saglygy goraýyş ulgamyna degişli ýene-de birnäçe binalary gurmak hakyndaky aýdanlary ýurt Baştutanymyzyň ilkinji aladasynyň adamdygy baradaky taglymatynyň hakykat ýüzünde öz beýanyny tapandygyna şaýatlyk edýär.

Sagdyn durmuşy üpjün etmek üçin bedenterbiýe, sport, ýokumly iýmit bilen bir wagtda arassa ekologiýanyň bolmagy hem zerurdyr. Şu nukdaýnazardan indi birnäçe ýyl bäri her ýylyň ýazky hem güýzki möwsümlerinde köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak işleri guramaçylykly geçirilýär.

Ýaňy-ýakynda geçirilen güýzki bag ekişlik möwsümine ähli ildeşlerimiz bilen bir hatarda welaýatymyzyň zähmetkeş ilaty hem agzybirlikde gatnaşdy. Ahal welaýatynyň çäginde guralan bu dabara Arkadag Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagy, bu ýere Hanbeg atly ahalteke bedewine atlanyp gelmegi welaýatymyzyň zähmetkeş ilatynyň şeýle mukaddes hem ähmiýetli işe yhlas bilen ruhubelent ýagdaýda gatnaşmagyna badalga boldy. Bag ekmek, ýol çekmek we köpri gurmak ýaly ynsan ömründe amal edilýän parz işleriň biri hasaplaýan türkmen halkynyň şeýle ajaýyp ýörelgesiniň döwlet Baştutanymyz tarapyndan goldanylmagy ýurdumyzyň raýatlarynda bu ähmiýetli işe jogapkärçilikli garaýyşyň has-da berkemegine getirýär. Ýurdumyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegi, adam elleri bilen döredilýän tokaý zolaklarydyr al-elwan güllere beslenen lälezarlyklaryň köpelmegi diňe bir ekologiýa abadançylygyny pugtalandyrmakda däl, eýsem, eziz Diýarymyzyň keşbiniň gözelleşmeginde-de uly ähmiýete eýedir.

Baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramyny mynasyp sowgatlar bilen garşylamak, ýurdumyzyň şan-şöhratyny beýgeltmek ugrunda Arkadag Prezidentimiziň döredip berýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp zähmet çekmek biziň her birimiz üçin bahasyna ýetip bolmajak bagtdyr. Diýarymyzyň dünýä ýüzünde iň çalt ösýän döwlet hökmünde tanalmagynyň hem-de baky bagtyýarlykda ýaşamagymyzyň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.

Resul Işangulyýew, TDP-niň Ahal welaýat komitetiniň başlygy

“Galkynyş” gazeti

18.11.2020 ý

tags: