Şanly ýylyň ruhy joşguny

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň şanyna welaýatymyzda geçirilýän çäreleriň her biri baý many-mazmuna eýe bolup, ildeşlerimiziň watançylyk ruhunyň has-da belende göterilmegine itergi berýär. Änew şäherindäki Medeniýet öýüniň mejlisler jaýynda geçirilen dabaraly maslahat hem munuň şeýledigine aýdyňlygy bilen göz ýetirmäge mümkinçilik berdi. Bu maslahat Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komiteti tarapyndan guralyp, oňa partiýa işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdy.

Maslahaty Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygy Resul Işangulyýew açyp, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda berkarar Watanymyzyň okgunly ösüşleriň ýoly bilen öňe barýandygy, halkara abraýynyň arşa göterilýändigi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanýandygy barada gürrüň berdi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň uludan toý edilen ýylynda Ahal welaýatynda durmuşyň ähli ugurlary boýunça ýetilýän sepgitler, gazanylýan üstünlikler baradaky gürrüň onuň çykyşynyň özenini düzdi. Onuň aýdyşy ýaly, şanly ýylda welaýatymyzyň çäginde durmuş-medeni we önümçilik maksatly desgalaryň birnäçesi gurlup, ulanylmaga berildi. Olaryň arasynda Kaka, Ak bugdaý etraplaryndaky döwrebap ýyladyşhana toplumlaryny, Ak bugdaý etrabynyň çägindäki Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň Karantin merkeziniň binalar toplumyny, Bäherden etrabynyň merkezindäki Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynyň täze binasyny, Kaka we Babadaýhan etraplaryndaky iri dokma toplumlaryny, Ak bugdaý, Gökdepe, Tejen, Babadaýhan etraplaryndaky täze, döwrebap orta mekdeplerini agzamak diýseň ýakymlydyr. Bu desgalaryň ulanylmaga berilmegi bilen ildeşlerimiziň ýüzlerçesi üçin täze iş orunlary açyldy, welaýatymyzyň ilatynyň durmuş derejesi has-da ýokarlandy. Oba hojalygynda, senagat pudagynda, medeni we beýleki ugurlarda gazanylan üstünlikler hem welaýatymyzyň her bir ýaşaýjysynda buýsanç döredýär.

Maslahatda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat, etrap, şäher komitetleriniň işgärleriniň, partiýanyň işjeň agzalarynyň birnäçesiniň çykyşlary diňlendi. Çykyşlarda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren täze, ajaýyp kitaplarynyň baý many-mazmuny, terbiýeçilik ähmiýeti barada aýratyn durlup geçildi. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň «Ak şäherim Aşgabat», «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitaplarynyň, şeýle-de «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň ХIII jildiniň tanyşdyrylyş dabaralaryna işjeň gatnaşandyklaryny hem-de bu kitaplaryň özleri üçin gymmatly gollanma öwrülendigini buýsanç bilen bellediler.

Dabaraly maslahatyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny wagyz etmekde, ýurdumyzyň ähli babatda gülläp ösmeginde, giň gerimli özgertmeleri dowam etmekde we ajaýyp işleri amala aşyrmakda, jemgyýetimizde raýat bitewüligini pugtalandyrmakda partiýa işgärleriniň orny dogrusynda hem aýdyldy, şeýle-de täze taryhy döwürde ýerlerde partiýa guramalarynyň durmuşa geçirýän işlerine üns çekildi hem-de wagyz-nesihat işlerini işjeňleşdirmek boýunça wezipeler kesgitlendi.

Maslahatyň dowamynda toý öwüşginli sahnany welaýatymyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly joşgunly çykyşlary bezedi. Kalplara ornan sungat çykyşlarynda Arkadagly beýik döwrümiziň, ösüşlere beslenen Diýarymyzyň waspynyň ýetirilmegi aýratyn uly ruhubelent alamatyny döretdi hem-de ähliniň kalbyny joşa getirdi.

Araphan Erniýazow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň bölüm müdiri

“Ahal durmuşy” gazeti

01.12.2021 ý

 

tags: