ARKADAGA ALKYŞ BOLSUN!

Geçen hepdäniň anna güni Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň çäginde Ahal welaýat Ýokanç keseller hassahanasynyň täze binasy dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berildi. Bu dabara hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy halkymyzda egsilmez joşgun döretdi. Şu mynasybetli ýörite habarçymyz bagtyýar ildeşlerimiziň birnäçesiniň ýürek buýsanjyny ýazga geçirdi.

Araphan Erniýazow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň bölüm müdiri:

— Gahryman Arkadagymyzyň Şa gadamynyň gadymy Oguz mekanyna — Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesine düşmegi welaýatymyzyň ähli ýaşaýjylarynyň şatlygyna şatlyk goşan taryhy waka boldy. Döwlet Baştutanymyz barha özgerýän bu şäherçäniň çäginde Ahal welaýat Ýokanç keseller hassahanasynyň täze, döwrebap binasyny dabaraly ýagdaýda açyp, ilatyň hyzmatyna berdi.

Yzgantda 200 orunlyk Ýokanç keseller hassahanasyny gurmak başlangyjy hormatly Prezidentimize degişlidir. Mundan iki ýyl ozal, ýagny 2018-nji ýylyň noýabrynda bu taryhy künjekde hassahananyň düýbüniň tutulyş dabarasy bolupdy we oňa köpimiz gatnaşypdyk. Ine, bu gün bolsa, hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda hassahananyň häzirki zaman binasynyň açylyş dabarasyna şaýat bolduk. Hassahanada dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy lukmançylyk enjamlarynyň, innowasion lukmançylyk tehnologiýalarynyň, şol sanda öňdebaryjy bejeriş we anyklaýyş, endoskopik, rentgen enjamlarynyň ornaşdyrylandygyna ol ýerde bolanymyzda buýsanç bilen göz ýetirdik.

Gahryman Arkadagymyzyň hassahananyň açylyş dabarasynyň çäginde geçiren Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde raýatlarymyzyň saglygyny goramaga, ilatyň ortaça ömür dowamyny uzaltmaga, ýurdumyzda saglyk abadançylygyny üpjün etmäge, dürli ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almaga gönükdirilen işlere mundan beýläk-de ähmiýet beriljekdigi barada aýdanlary ýurdumyzda milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň rowaçlanýandygynyň alamatydyr. Gahryman Arkadagymyzyň paýtagtymyzda Fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Wirusologiýa, bakteriologiýa we epidemiologiýa ylmy-önümçilik merkeziniň, Halkara köpugurly dikeldiş merkeziniň guruljakdygy bilen baglanyşykly aýdanlary bolsa, ulus-ilimiz tarapyndan gyzgyn goldaw tapdy hem-de döwlet Baştutanymyza bolan buýsanjy goşalandyrdy. Halkymyzyň saglygy we bagtyýar durmuşy ugrundaky aladany ähli zatdan ilerde goýýandygy üçin Gahryman Arkadagymyza bolan hoşallygymyzyň çägi ýok.

Ýörite habarçymyz

“Ahal durmuşy” gazeti

16.11.2020 ý

 

tags: