ARKADAGLY WATANYŇ BUÝSANJY BEDEW!

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen bu gün ahalteke atlarymyz dünýä medeniýetiniň gymmatly baýlygyna öwrüldi. Milli Liderimiziň behişdi bedewlerimize bagyşlap döreden kitaplary Ýer ýüzünde giňden meşhur bolup, diňe bir öz halkymyza däl, dünýä jemgyýetçiligine bu ajaýyp kitaplar arkaly bedewlerimiz hakda gymmatly maglumatlar bilen tanyş bolmaga giň mümkinçilikleri döretdi. Berkarar döwletimiziň çar künjeginde il-ýurt bähbitli uly gurluşyklara badalga berilýär. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen gurlup, ulanylmaga berilýän dürli desgalaryň arasynda häzirki zaman atçylyk sport toplumlarynyň hem bolmagy örän guwandyryjydyr. Diňe bir paýtagtymyzda däl, ýurdumyzyň welaýatlarynda hem bina edilen bu döwrebap toplumlar ata Watanymyzda diňe atşynaslygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolman, eýsem, atçylyk sportunyň ösmegine-de, ýaş nesle berilýän terbiýäniň kämilleşmegine-de oňyn täsirini ýetirýär. Halkara derejeli atçylyk sport toplumlarynyň binagärçilik aýratynlyklary bilen tapawutlanyp, olarda dürli dabaralary geçirmek üçin ähli amatly şertleri özünde jemleýän ýörite ýerleriň göz öňünde tutulmagy aýratyn buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr.

Ýurdumyzda her ýyl giňden bellenilip geçilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän dürli dabaralar halkymyzyň ahalteke atlarymyza goýýan sarpasynyň bimöçberdiginiň subutnamasy bolup, äleme ýaň salýar. Şekillendiriş we amaly haşam sungaty eserlerinde, neşirýat önümlerinde, suratlarda hem-de wideoşekillerde bedewlerimiziň gözelligini çeper beýan etmek boýunça yglan edilen döredijilik bäsleşigine hödürlenen işler sungat muşdaklarynyň dykgatyna ýetirilýär. Duşenbe güni Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň Okuw merkeziniň açyk manežinde ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşiginiň ikinji tapgyrynyň geçirilmegi ýatda galyjy möhüm wakalaryň hataryny artdyrdy. Şeýle hem ylmy maslahatlar, sergiler, konsertler, atçylyk sportuna degişli dürli sport çäreleri milli guwanjymyz ahalteke atlarymyzyň şanly baýramynyň şanyna geçirilýän dabaralaryň Diýarymyzyň çar künjegini gurşap alandygyna güwä geçýär.

Düýn Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda uzak aralyga atly ýöriş bäsleşiginiň geçirilmegi hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda uludan toýlanylýan Türkmen bedewiniň milli baýramynyň dabarasynyň giň gerime eýe bolýandygyna şaýatlyk etdi. Ýatdan çykmajak şatlyk şow huna eýe bolan bu atly ýöriş ajaýyp bedewlerimiziň ýyndamlygyny, owadanlygyny, haýrana goýýan gözelligini ýene bir gezek äşgär edip, milli Liderimiziň tagallalary bilen bu gün ahalteke atlarymyzyň dünýä medeniýetiniň gymmatly baýlygyna öwrülendigi baradaky hakykaty bütin aýdyňlygy bilen şöhlelendirdi.

Mahlasy, türkmen halky hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda behişdi bedewleriniň baýramyny uludan we giňden belläp geçýär. Munuň özi berkarar döwletimizde toýlaryň toýa ulaşyp, bagtyýar ilimiziň agzybirligi, jebisligi baradaky hakykaty Ýer ýüzüne ýaýýar.

Goý, ajaýyp bedewlerimizi dünýä gymmatlyklarynyň hatarynda mynasyp orna çykaran hormatly Prezidentimiziň jany sag, döwletli tutumlary mundan beýläk-de rowaç alsyn! Bagtyýarlygyň goýnunda ýaşaýan ulus-ilimiz, hormatly atşynaslar, bedew baýramyňyz gutly bolsun! Uly çapuwlarda hemişe atyňyz çykyp dursun!

Soltanmyrat ÝAZMYRADOW.

TDP-niň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy.