ARKADAGYŇ PAÝHASYNDAN GÜLLEÝÄR EZIZ DIÝAR

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan  Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pähim-parasatly ýörelgeleriniň netijesinde dünýäniň iň bir ösen döwletleriň hataryna goşuldy. Häzirki döwürde Türkmenistan Merkezi Aziýada iň çalt depginler bilen ösýän döwletleriň biri hasaplanýar. Ýurdymyzyň ösüşinde häzirki döwre  innowasiýa taýdan öňe tarap uly ädim ätmegiň döwri diýmek bolar. ,,Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdymyzy 2019-2025 nji ýyllarda durmuş-ykdysady  taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” kabul edilmegi bilen,ýurdymyz ösüşiň we rowaçlygyň täze tapgyryna  gadam goýdy. Bu Maksatnamanyň esasy maksady Hormatly Prezidentimiz tarapyndan başy başlanan ýurdymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, dünýäniň ösen döwletleriniň derejelerine  ýetirmäge, bazar ykdysadyýetine  tapgyrlaýyn geçilmegine, halkymyzyň durmuş derejeleriniň has-da  ýokarlandyrylmagyna, innowasion tehnikalara, daýanyp, ykdysadyýetimiziň pudaklaýyn we eýeçilik görnüşlerini  diwersifkasiýalaşdyrmagy  üpjün edýän, sanly ykdysadyýete uýgunlaşdyrýan, ilatyň durmuş şertleriniň dünýä öljegleriniň derejesine ýetirýän bazar ykdysadyýetini durmuşa ornaşdyrmaga gönükdirlendir. Häzirki wagtda ýurdymyzda innowasiolar işjeň ornaşdyrylýar, süýümli-optiki aragatnaşyk ulgamlary we internediň elýeterligi uly ösüşlere eýe boldy.

 Mälim bolşy ýaly ,,Türkmenistan-Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň   başynda  Hormatly Prezidentimiz Mejlisiň  deputatlary bilen geçiren duşuşygynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzalarynyň öňünde ýurdymyzy täze derejelere çykarmaga halkymyzyň hal-ýagdaý derejesini ýokary götermäge gönükdirlen täze kanunlary taýýarlamak, hereket edýänlere  döwrüň talaplaryna  laýyklykda  üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek barada birnäçe wezipeleri goýdy.

Ýakynda Türkmenistanyň Milli Milli Geňeşiniň Mejlisiniň 6-njy çagyrşynyň           14-nji maslahaty bolup geçdi. Sanly ulgam  arkaly geçirilen  bu maslahatda Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan  syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny hem-de ýurdymyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak  boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda täze kanunlaryň  we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň  birnäçesi ara alyp maslahatlaşyldy we kabul edildi. Şolaryň hatarynda ,,Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda’’ Kanunyň taslamasy ara alynyp maslahatlaşylanda, gyzyklanma bilen pikir  alşyldy. Soňky ýyllarda  ýurdymyzda  kiçi we orta telekeçiligi sazlaşykly ösdürmek, telekeçiligi, hususy başlangyçlary hemmetaraplaýyn  goldamak üçin amatly hukuk, ykdysady we maliýe şertlerini  döretmek boýunça uly işler amala aşyryldy we aşyrylýar. Şol işleriň  hatarynda salgyt ulgamyny kämilleşdirmek, telekeçilik işini hasaba almagyň  hem-de  güwälendirmegiň tertibini ýönekeýleşdirmek, ýeňillikli karzlaşdyrmak we beýlekiler  bar.

 Döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny, ony  amala  aşyrylmagyň usullaryny kesgitleýän hem-de döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň taslamasyny taýýarlamak we amala aşyrmak işinde ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýän täze kanun möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Maddy, maliýe, intellektual, ylmy-tehniki we beýleki serişdeleri birleşdirmek, düzümiň desgalaryny ösdürmek boýunça taslamalary amala  aşyrmak boýunça býudjetden daşary çeşmeleriň serişdelerini çekmekde  hukuk şertlerini döretmek bu kanunyň maksatlaryň biridir. Bu kanunyň kabul edilmegi ,,Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdymyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine Maksatnamasyny’’ üstünlikli durmuşa geçirilmäge, telekeçileriň milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmaga we diwersifkasiýa  ýoly bilen ösdürmäge, halkara ölçeglerine kybap gelýän önümleri  öndürýän döwrebap önümçilikleri döretmäge, ýurdymyzyň eksport kuwwatyny  artdyrmaga işjeň gatnaşmaklaryna  oňyn ýardam eder.

 Mähriban diýarymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny uly zähmet üstünliklerine beslemek boýunça ruhubelent işler alnyp barylýar. Welaýatymyzyň ähli ugurlar boýunça gazanylýan üstünlikleriniň her birinde täze taryhy eýýamyň bedew bagy, ýurdumyzda höküm sürýän agzybirligiň, jebisligiň, belent ruhubelentligiň güýji aýratyn duýulýar. Welaýatymyzyň ýüpekçileri ýurdumyzda ilkinjileriň hatarynda watan öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirdiler. Welaýatymyzyň babadaýhanlary ,,Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany’’ ýylynda ýetişdirilen bol bugdaý hasylyny ýygnamaga guramaçylykly taýýarlyk görýärler.

,,Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdymyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine Maksatnamasyna’’ laýyklykda welaýatymyzyň ähli künjeklerinde önümçilik-durmuş maksatly binalaryň onlarçasy gurulýar. Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan halkara gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Päkistan elektrik geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrlarda alnyp barylýar.

Oguzhan etrabynyň Garaşsyzlyk geňeşliginde döwrebap obanyň, Wekilbazar, Sakarçäge, Türkmengala etraplarynda nusgalyk şäherçeleriň, welaýatymyzyň çäginde mekdepleriň, çagalar baglarynyň, medeniýet we saglyk merkezleriniň, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklary dowam etdirilýär. Welaýatymyzyň telekeçileri ýyladyşhanalaryň, maldarçylyk we guşçylyk toplumlarynyň, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornyny tutýan önümleri öndürjek beýleki birnäçe önümçilik desgalaryň gurluşyklaryny alyp barýarlar.

Halkymyzyň abadan asyda durmuşda ýaşamagy üçin,saglygyny dikeltmegi,oňaýly şertlerde dynç almagy üçin ähli şertleri, mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri  ýüreklerde joşup dur. ,,Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany’’ ýylynda welaýatymyzyň bagtyýar ýaşaýjylary özleri hakdaky aladalara mynasyp jogap edip, yhlasly we döredijilikli zähmet  çekýärler we Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna uly zähmet üstünlikleri bilen barýarlar.

 

Kakageldi Gurbanow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty

“MARU-ŞAHU JAHAN” gazeti

10.06.2021 ý

 

tags: