Arkadagyň ak ýollary

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygy bilen ýurdumyzda ulag pudagyny we onuň üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek bilen baglanyşykly çäreler çalt depginde durmuşa geçirilip başlandy. Kabul edilýän döwlet maksatnamalarynyň her birinde diýen ýaly ulag üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmegiň ugurlary anyk kesgitlenilýär. Şolara laýyklykda ýurdumyzda häzirkizaman ulag üpjünçilik ulgamlaryny durmuşa işjeň ornaşdyrmak boýunça işler bökdençsiz durmuşa geçirilip, awtomobil ýollaryny, demir ýollary we degişli inžener-tehniki desgalary gurmak boýunça taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Bu taslamalar geljekde-de halkara söwdasynyň, şeýle hem sebit we sebitara ähmiýetli ulag ulgamynyň netijeli ösüşine itergi berer.

Türkmenistan Ýewraziýa sebitiniň esasy haryt-ulag gatnaw ýollarynyň çatrygynda ýerleşmek bilen, möhüm üstaşyr-ulag geçiriş we kommunikasiýa merkezi bolup durýar. Bu bolsa ýurdumyzyň özara bähbitli döwletara we sebitara ykdysady gatnaşyklaryň ösmegine, ýükleriň we ýolagçylaryň üstaşyr geçirilişiniň çaltlandyrylmagyna uly goşant goşýar. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzyň ulag üpjünçilik ulgamynyň düýpli we toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrylmagy we bu ugurda ägirt uly taslamalaryň amala aşyrylmagy Türkmenistany sebitde öňdebaryjy orunlara çykarýar. Bu bolsa ykdysadyýetimiziň ösmeginiň we onuň dünýä hojalygyna üstünlikli goşulyşmagynyň möhüm şertidir.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda möhüm halkara ähmiýete eýe bolýan ösen ulag-ýol üpjünçilik ulgamy emele getirildi. Biz muny ýurdumyzda halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça ýola goýlan işleriň mysalynda hem anyk görýäris. Şeýle hem bu ugurda milli Liderimiziň başyny başlan strategik maksatnamalarynyň we düýpli özgertmeleriniň çäklerinde hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda» kesgitlenilen wezipelere laýyklykda daşary ýurtlaryň ylmy-barlag institutlary, ýokary okuw mekdepleri bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça-da toplumlaýyn çäreler görülýär. Ýakyn ýyllarda Türkmenistan bu ugurdaky taslamalary üstünlikli durmuşa ornaşdyrmak bilen, sebitde we dünýäde üstaşyr-ulag geçelgelerini döretmekde özüniň ygtybarly ornuny ýene-de berkider. Ata-babalarymyzdan miras galan jaý, köpri, ýol gurmak ýaly sogaply işleri dowam etdirýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!

Merdan Dosmedow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty

“Türkmen gündogary” gazeti

20.11.2021 ý

 

tags: