ARKADAGYŇ GURMAK, DÖRETMEK ÝOLY

Hormatly Prezidentimiziň Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, döwletli işlere badalga bermegi welaýatymyzyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň buýsançly başlaryny göge ýetirdi.

„Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öz ykdysady kuwwatyny barha artdyrýan döwletimizde türkmen halkynyň abadançylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen ýurdumyzyň ähli sebitlerinde durmuş we önümçilik maksatly binalar we desgalar yzygiderli ýagdaýda gurulýar we ulanmaga berilýär“ - diýip bellemek bilen Arkadag Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli künjeklerini ählitaraplaýyn ösdürmeklige uly üns berýär.

Milli Liderimiziň parasatly, parahatçylyksöýüjilikli içeri we daşary syýasatynyň, ýurdumyzy ösdürmeklige gönükdirlen uzakmöhletleýin maksatnamalarynyň, „Döwlet adam üçindir!“ diýen baş ýörelgesiniň yzygiderli, üstünlikli ýerine ýetirilmegi netijesinde ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty barha ýokarlanýar, halkara abraýy arşa göterilýär. Halkymyz eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar.

Arkadag  Prezidentimiziň  sahawatly Şa gadamynyň düşen ýeri gül-gülzarlyga, bereket çeşmesine öwrülýär. Gözümiziň alnynda Türkmen topragy,  şäherlerimiz, obalarymyz gözel görke gelýär. Welaýatymyzyň bagtyýar ýaşaýjylary Hormatly Prezidentimiziň gysga döwrüň içinde gurduryp beren Mary halkara howa menziliniň, Türkmenistanyň Döwlet Energetika institutynyň, welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, welaýat kitaphanasynyň, “Mary” myhmanhanasynyň, welaýat Köp ugurly söwda bazarynyň, “Gaýragoýulmasyz tiz kömek”, “Ene mähri” merkezleriniň, welaýat çagalar hassahanasynyň, “Mary karbamid” zawodynyň, Mary döwlet elektrik stansiýasynda gaz trubina we gaz-bug trubinaly elektrik beketleriniň, Sakarçäge etrabynda tohumçylyk pagtany gaýtadan işleýän kärhanasynyň, Bagtyýarlyk we Döwletli zaman şäherçeleriniň we beýleki onlarça binalaryň hözirini görüp ýaşaýarlar.

Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň ýörite kararlary bilen Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan halkara gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Päkistan halkara elektrik we süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň, Wekilbazar, Sakarçäge, Türkmengala etraplarynda nusgalyk şäherçeleriň we beýleki onlarça önümçilik we medeni-durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň gurluşyklary ýokary depginlerde alnyp barylýar.

Gahryman Arkadagymyz    ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmeklige uly üns berýär. Öz gorlary boýunça dünýäde 4-nji orna çykan ýurdumyzyň arassa tebigy gazy bilen  halkymyzy we beýleki sarp edijileri bol-elin üpjün etmeklige, dünýä bazarlaryna dürli ugurlar boýunça ugratmaklyga gönükdirlen maksatnamalary üstünlikli durmuşa  geçirilýär.

Arkadag Prezidentimiziň ýörite Karary esasynda “Türkmengaz” konserni tarapyndan daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen bilelikde amala aşyrylýan “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň birinji tapgyrynyň çäklerinde bu ýerde guýulary hem-de önümçilik düzüminiň beýleki desalaryny gurmak boýunça uly işler ýerine ýetirildi. Umumy kuwwaty ýylda harytlyk gazynyň 30 milliard kubmetrine barabar bolan gazy gaýtadan işleýän toplumlaryň üçüsi işe girizildi. Olaryň gurluşygyna Hytaý Halk Respublikasynyň, Koreýa Respublikasynyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň kompaniýalary gatnaşdylar.   

Tutýan meýdany 4 müň inedördül kilometrden gowrak bolan ýatagyň ulanyş gaznasynda häzir guýularyň 45-si bolup, olaryň her biriniň önüm berijiligi ortaça bir gije-gündizde gazyň iki million kubmetrine barabardyr.   

Hormatly Prezidentimiziň ýakynda welaýatymyza iş saparyny amala aşyran mahalynda hem  „Galkynyş“ gaz käniniň 3 sany gaz guýularynyň desgalarynyň gurluşygyna badalga berdi.

Bu çärä bagyşlanan dabarada Arkadag Prezidentimiziň nygtap geçişi ýaly, bu desgalar toplumynyň  gurulmagy Mary welaýatynyň, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň has ýokarlanmagyny üpjün eder. Bu desgalar toplumynyň gurluşygynda türkmen we daşary ýurtly hünärmenleriň ýüzlerçesi zähmet çeker. Bu desgalar toplumynyň gurlup ulanmaga berilmegi bilen dostlukly Hytaý döwletine iberilýän türkmen gazynyň möçberleri artar we sebitde dost-doganlygyň, söwda ykdysady gatnaşyklaryň  has-da  pugtalanmagyna  oňyn  ýardam  eder.

Ykdysadyýetimizi, ýaşaýyş-durmuş derejelerimizi has-da ýokary götermek boýunça amala aşyrýan bimöçber aladalary üçin Hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlary aýdýarys!

Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, mertebesi belent, tutýan il-ýurt, umumyadamzat bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!

Kakageldi Gurbanow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty

“Watan” gazeti

09.09.2021 ý 

tags: