ARKADAGYMYZYŇ TÄZE KITAPLARY halkymyz üçin bahasyz gymmatlykdyr

Şu günler welaýatymyzyň şäherdir etraplarynda, edara-kärhanalarynda, guramalarynda hormatly Prezidentimiziň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynyň, şeýle-de «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň ХIII jildiniň tanyşdyrylyş dabaralary giň gerimde geçirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň şanly ýylymyzyň taryhy günlerinde ildeşlerimize sowgat eden täze ajaýyp kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabaralary uly ruhubelentlige beslenýär.

AK BUGDAÝ. Etrabyň Berkarar şäherçesiniň Medeniýet öýünde milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň ХIII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Etrap häkimliginiň, etrap hassahanasynyň hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen dabara saglygy goraýyş işgärleri gatnaşdy.

Dabarada Ak bugdaý etrabynyň häkiminiň orunbasary Arzygül Orazowanyň, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşiniň hünärmeni, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Baýramsoltan Myradowanyň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň başlygy Röwşen Gulowyň, Ak bugdaý etrap hassahanasynyň Gämi şahamçasynyň müdiri, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Nurmuhammet Otuzowyň çykyşlary has-da täsirli boldy. Olar çykyşlarynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň nobatdaky jildiniň ulus-ilimize gymmatly sowgatdygyny, bu neşir türkmen topragynda ösýän, asyrlaryň dowamynda dürli keselleri bejermek üçin netijeli ulanylýan ösümlikleriň melhemlik häsiýetleri barada bilimleriň hazynasy bolup durýandygy dogrusynda buýsanç bilen gürrüň berdiler.

Dabarada milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi, bu maksatnamanyň çäklerinde döwrebap lukmançylyk merkezleriniň, şypahanalaryň, derman öndürýän kärhanalaryň hem-de milli saglygy goraýyş ulgamyny täze derejä çykaran beýleki ençeme desganyň gurlandygy barada aýdylanlar hem uly täsirleri döretdi. Çykyş edenler ildeşlerimiziň saglygyny goramaga ägirt uly üns berýändigi hem-de täze ajaýyp kitaby sowgat edendigi üçin hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Uzuk Ýazmyradowa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ak bugdaý etrap komitetiniň işgäri.

“Ahal durmuşy” gazeti

25.10.2021 ý

 

tags: