Gahryman Arkadagymyzyň «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly goşgusy geçen 2021-nji — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň mynasyp jemlenmesine öwrüldi. Bu manyly eser diňe bir türkmenistanlylar üçin däl, eýsem, dünýä ýüzüniň halklaryna özboluşly, ajaýyp çagyryş boldy.
Biz, TDP-niň Mary şäher komitetiniň jogapkär işgärleri bolup, şu ýylda geçirilmeli, amala aşyrmaly çäreleriň meýilnamalaryny düzenimizde ajaýyp eserlerden, hormatly Arkadagymyzyň pähimlerinden ugur alýarys. Hormatly Prezidentimiz: «Demokratik partiýamyza döwletimiziň alyp barýan syýasatyny wagyz-nesihat, düşündiriş işlerini guramakda we alyp barmakda esasy orun degişlidir» diýip belleýär.
Gahryman Arkadagymyzyň parahatsöýüjilikli içeri we daşary syýasatyny wagyz-nesihat etmekde «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly goşgusy bize ýol-ýörelge bolup hyzmat edýär.
Öz eserleri bilen bize belent nusga görkezýän, asyrlara barabar beýik işleri bilen Watanymyzyň at-abraýyny dünýä ýüzünde barha arşa galdyrýan eziz Arkadagymyza köp-köp sagbolsun aýdýarys.
Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun! Il-ýurt, umumadamzat bähbitli alyp barýan beýik işleri mundan beýlägem rowaçlyklara beslensin!
Hekimberdi Orazberdiýew, TDP-niň Mary şäher komitetiniň başlygy
“Watan” gazeti
25.01.2022 ý