Ata seýsiň nebereleri.

Geçen asyryň 70-80-nji ýyllarynda Köneürgenç we S.Türkmenbaşy etraplarynda Ata seýis diýlende, tanamaýan az bolsa gerek.Şol ýyllar etrap, welaýat derejelerindäki çärelerde hem-de obalarda  geçirilýän toý baýramlarynda onuň seýislän atlary yzygider baýrakly orunlary elden bermeýärdi.Toýlarda, at çapyşykly ýaryşlarda ol Garaguş, Meleguş, Torguş diýen atlary çapyp aýlawy baglapdy. Käbir gojalaryň aýtmagyna görä, onuň seýislän Garaguş diýen aty gulanlykdan başlap, at çapyşyk ýaryşlarynda dokuz ýyllap öňüne at geçirmändir.Şonuň üçin hem ol tüýs bedew bilen bagty badaşan diýenleridi.Ýyllaryň geçmegi bilen Ata Meretgylyjow özüniň bütin manyly ömrüni bedew bilen baglanyşdyrdy.Ýaşlykda göwün beren kärine yhlasdyr zehinini siňdirdi. Ine şeýdibem onuň ady obada Ata seýis bolup galyberdi, Ozallar Ata aganyň maşgalasy Köneürgenç etrabynyň Akderýa geňeşliginiň Emingala obasynda oturardy. Aý-ýyllaryň geçmegi bilen döwür üýtgeýär.Şonuň bilen baglylykda soňky 30-40 ýylyň içinde bolsa, onuň maşgalasy Ezberköl geňeşliginde oturymly bolup galypdyr.Ýeri gelende aýtsak Ata aga öz ýanýoldaşy Oguljan daýza bilen on çagany dünýä inderip, ösdürip kemala getirdi.Bagtyýar maşgalada sagdyn terbiýe alan ogul-gyzlaram indi döwrebap, ilhalar adamlar bolup ýetişdiler.Ata seýisiň iň uly ogly Daňatar ata kesbini ýöredýär, ol ýeriň dilini bilýän hakyky daýhan.Onuňam döwletli maşgalasy bar. Has dogrusy, maşgalada 8 çaga terbiýe aldy.Maşgalabaşy diňe bir daýhançylyk bilen iş salyşman, seýisçiligem edýär.Onuň seýislän Garaguş, Burnak, Kepderi diýen atlary çapyşyklarda baýraksyz gelmeýär.Atlary idetmekde ogly Serdar hyzmat edýär.Agzybir maşgalanyň garamagynda gylýallaryň 10-a golaýy idedilýär.Ata seýsiň ikinji ogly Toýly hem daýhançylyk bilen bagry badaşan adam.Ol garamagyndaky ekin ýerden oba hojalyk ekinleriniň dürli görnüşlerini ekip, bol hasyl ýetişdirýär.Ogly Hangeldi Meretgylyjow 21 gektar ýerde bugdaý, 3 gektar ýerde gowaça idedip kärende ýerden her ýyl ýokary hasyl alýar.At seýisçilik ugrundan agtygy Ýusup Meretgylyjow Terguş atly 3 ýaşar aty toý ýaryşlaryna taýýarlaýar.Ol at saklamagyň we idetmegiň tilsimlerini birkemsiz ele aldy.

Merhum Ata seýsiň nebereleri 100-e golaýlaýar.Olaryň içinde ýokarda belleýşimiz ýaly, seýisdir-çapyksuwarlaram, daýhanlaram, mehanizatordyr-işçilerem, mugallymdyr-terbiýeçilerem bar.Nebereleriniň köpüsi oba hojalygynda, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda hem-de ata babalaryndan hünär bolup galan ussaçylyk kärlerinde zähmet çekýärler.Bagtyýar maşgalanyň agzalary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döredijilikli işlemäge, gurmaga, bolelin asuda we parahat durmuşda ýaşamaga döredýän şertleri üçin hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlaryny aýdýar.

Gurbannepes Täçmedow, TDP-niň Köneürgenç şäher komitetiniň partiýa guramaçysy

“Daşoguz habarlary” gazeti

04.11.2021 ý

 

tags: