Şatlyk-şowhuna beslenýär

Eziz Diýarymyzda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda bagtyýar halkymyzyň her bir güni toý-baýramlara beslenip, kalplara şatlyk paýlaýar. Ine-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyza ajaýyp günleriň biri bolan Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni geldi. Ol ata-babalarymyzyň köňül buýsanjyna, göwün şatlygyna öwrülen, olaryň ömür sallarynyň iň şatlykly pursatlaryny özüne siňdiren, dünýäni al-ýaşyl güllere büreýän Nowruz baýramydyr.

«Nowruz» diýmek, «täze gün» diýen manyny aňladýar. Ol her ýylda bahar paslynda gije bilen gündiziň deňleşýän wagtyna gabat gelýär. Nowruz gelende ekin meýdanlary ýaşyl öwsüp, maýsalar atyz-pellere görk berip başlaýar. Daýhanlarymyz topraga tohum sepip, täze hasylyň düýbüni tutýarlar.

Baharda hemme zat täzelenýär. Güllerem täzeden açylyp, baky juwan Zemin täzelenişi başdan geçirýär. Gyşdan çykan baglaram pyntyk ýaryp, ýapraklap başlaýar. Gysga söz bilen aýdanyňda, sahawatly türkmen topragynyň gadymy at-owazasyny dabaralandyrýan Nowruz baýramy bu günki günde türkmeniň kalbynda täze röwüşde, täze öwüşginde ýaşaýar.

Rowaýatlarda aýdylyşyna görä, Nowruz sebitdäki gadymy senenamanyň esaslandyrylan güni hasaplanýar. Şol günden bäri hem Nowruz baýramy tebigatyň täzeleniş baýramy hökmünde bellenip gelinýär.

Bu günki gün ajaýyp hem tämiz bahar paslynyň dowam edýän günlerinde Milli bahar baýramy ýurdumyzyň çar künjeginde döwlet derejesinde uly ruhubelentlikde, şatlyk-şowhunly, joşgunly ýagdaýda bellenilip geçilýär. Ýurdumyzda şeýle ajaýyp şatlyk-şowhun bilen bellenip geçirilýän baýramçylyklardyr dabaralara Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň agzalary hem işjeň gatnaşýarlar. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Milli bahar baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan baýramçylyk çäreleri ýokary guramaçylykly geçirilýär.

Şatlyk-şowhuna beslenýän baýramçylyk dabaralary oňa gatnaşyjylaryň kalbynda ýatdan çykmajak ýakymly duýgulary oýarýar. Olarda aýdym-sazly çykyşlar, ajaýyp öwüşginli tanslar ýokary ruhubelentlikde ýerine ýetirilýär. Baýramçylyk dabaralarynda raýatlaryň ýüreklerinden çykýan buýsançly sözlerde bahar pasly, asuda, parahat durmuşymyz wasp edilýär.

Şirin Mirmedowa, TDP-niň Bagtyýarlyk etrap komitetiniň partiýa guramaçysy

“Watan” gazeti

20.03.2022 ý

 

tags: