AWAZA — ERTEKIDEN ZYÝADA

Hormatly Prezidentimiz 14-nji maýda Balkan welaýatynda iş sapary bilen boldy.«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiren Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde hem-de Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisine gatnaşanda döwlet Baştutanymyz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň dynç alyş möwsümine taýýarlyk derejesine aýratyn ünsi çekdi. Şunda deňiz kenarynda amatly dynç alyş şertlerini döretmek, adamlaryň saglygyna oňyn täsiri bolan ýagdaýlary göz öňünde tutmak, myhmanhanalaryň, sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň arassaçylyk derejesini üns merkezinde saklamak, bu ugurda wagyz-nesihat we düşündiriş çärelerini döwrebap guramak barada tabşyryklar berildi.

Şu günlerde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň ýerlerdäki ilkinji guramalary tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk görmek bilen, dürli ýokanç keselleriň ýaramaz täsirine garşy çäreleri geçirmäge aýratyn üns berýärler.

Taýsyzlygy we täsinligi bilen tapawutlanýan bu taslamanyň çäginde häzire çenli gurlup, ulanylmaga berlen, dünýäniň hil ülňülerine ähli babatlarda doly laýyk gelýän myhman hanalaryň, sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň, kottejler toplumlarynyň, attraksionly seýilgähleriň, ýokary derejeli hyzmat ediş ulgamlarynyň sany barmak basyp sanardan kändir. Hazar deňziniň sergin hem arassa howaly, altynsow arassa çägeli dynç alýanlaryň ruhuna ruh goşýan bu jenneti künjek häzirki wagtda halkara derejesindäki maslahatlaryň, forumlaryň, festiwallaryňdyr gaýry medeni çäreleriň, sport ýaryşlarynyň geçirilýän mesgenidir.

Gojaman Hazaryň nurana türkmen kenary arzuwlaryň hasyl bolýan, ynsanperwerligiň barha rowaçlanýan mekanydyr. Bu kenarda eýýäm bina edilen ymaratlaryň her biriniň binagärlik keşbi-de çuň many mazmuna eýedir. Munuň şeýledigine reňkli suw çüwdürimli seýilgähi, «Ýelken» ýahta klubuny, attraksionly seýilgähleri, «Gämiler dünýäsi» muzeýini, «Berkarar» hem-de beýleki myhmanhanalary, kottejler toplumlaryny, ynsan paýhasyndan kemala gelen «Awaza» emeli derýasyny we gaýry desgalary synlanyňda-da, olarda sapaly dynç alyp göreniňde-de magat göz ýetirýärsiň.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny döretmek barada başlangyç hormatly Prezidentimiziň 2007-nji ýylda kenarýaka şäherinde Russiýanyň we Gazagystanyň döwlet Baştutanlary bilen geçiren üç taraplaýyn duşuşygynda ilkinji gezek orta atylypdy. Şondan köp wagt geçmänkä-de bu ägirt uly taslamanyň ýokary derejede geçirilen tanyşdyryş dabarasy dünýä ýaň salypdy. Asyryň taslamalarynyň hatarynda özüne mynasyp orny eýelän bu asylly maksadyň amala aşyrylmagy üçin Hazar deňziniň sapaly kenaryndan bäş müň gektar ýer bölünip berildi. Bu taslamanyň eýýäm gurluşygy üstünlikli amala aşyrylan otuza barabar myhmanhanalary, sagaldyş we dynç alyş merkezleri, kottejler toplumlary uly ýaşlylaryň we çagalaryň bir bada on müňe golaýyny kabul edip bilýär. Sapaly kenarda dynç alyp, saglyklaryny berkitmek isleýänleriň sany hem yzygiderli artýar.

Jana hoştap maýyl howasy, ençeme menzillere uzap gidýän altynsow çägeli deňiz ýakasy, gözelligi boýunça täsin deňiz görnüşleri, Hazar döwlet goraghanasynyň biologiki taýdan köpdürli täsin suwly ýerlerindäki şüweleňli «guş bazarlary» hormatly Prezidentimiziň döredijilik ylhamynyň aýdyň netijesidir. Mähriban Arkadagymyzyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny dünýä syýahatçylygynyň merjenine öwürmek barada asylly hem juda ynsanperwer maksady bu gün bütin aýdyňlygy bilen myrat tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde bu jenneti künjegiň geljekde has-da nurana boljakdygyna, onuň ýurdumyzyň raýatlary bilen birlikde tutuş adamzadyň mynasyp dynç alyş merkezine öwrüljekdigine ynamyň artýar.

Bibiaýşa Saparowa, TDP-niň Balkan welaýat komitetiniň başlygy

“Watan” gazeti

22.05.2021 ý

 

tags: