AWAZADA BOLJAK ÇÄRELER DÜNÝÄ ÝAŇ SALAR

Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň Baştutany Gahryman Arkadagymyz diňe bir biziň halkymyzyň däl, eýsem dünýäniň ähli halklarynyň bagtyýar, eşretli, bolelin durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen ynsanperwer başlangyçlary öňe sürmek hem-de şolaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi üçin nusgalyk işleri amala aşyrmak bilen berkarar döwletimizi dünýäniň iň abraýly döwletleriniň hataryna goşdy. Hormatly Prezidentimiz özüniň öňe süren “Döwlet adam üçindir!”, “Ösüş arakaly parahatçylyk” diýen parasatly ýörelgelerine esaslanyp, durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasaty dünýäniň ähli halklarynyň bähbitlerine doly laýyk gelýär. Şonuň üçin hem milli Liderimiziň her bir öňe sürýän ynsanperwer başlangyjyny dünýä jemgyýetçiligi ikelläp goldaýar. Şol başlangyçlaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bolsa dünýäniň iň abraýly halkara bileleşigi bolan Birleşen Milletler Guramasynyň bütin dünýäde pugta parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň hem-de durnukly ösüşiň berkarar bolmagyny üpjün etmäge gönükdirilen maksatlaryna ýetmekde we bu ugurdaky derwaýys wezipeleri çözmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Şu babatda gürrüň edilende hormatly Prezidentimiziň öňe süren başlangyjynyň esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite Kararnamasy bilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylan 2021-nji ýylda durmuşa geçirilýän işleriň bimöçberdigi bellenmäge mynasypdyr. Muny mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň başyndan bäri ýarym ýylyň içinde edilen işleriň jemlerine bagyşlanyp 9-njy iýulda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde getirilen anyk maglumatlar aýdyň subut edýär. Şonda hormatly Prezidentimiz gazanylan üstünlikleriň kanagatlanarlydygyny nygtap, mundan bu ýana amala aşyrylmaly möhüm wezipeleriň bardygyna ünsi çekdi. Şol weziperiň arasynda bu ýylyň ikinji ýarymynda halkara derejesindäki möhüm çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilendigini, şolaryň hatarynda awgust aýynda sebitiň ösmeginde-de, dünýäniň ösmeginde-de uly ähmiýeti boljak forumlaryň aýratyn orun eýeleýändigini nygtamak bilen, olary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi möhüm wezipe hökmünde öňe sürdi.

Şunuň bilen baglanyşykly hormatly Prezidentimiz 17- nji iýulda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirip, göz öňünde tutulýan çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen Guramaçylyk toparyny döretdi. 23-nji iýulda bolsa hormatly Prezidentimiz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda 6-njy awgustda halkara ähmiýetli çäreleri geçirmek boýunça guramaçylyk komitetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Hormatly Prezidentimiz 17-nji iýulda bolan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde şu ýylyň ahyryna çenli alyp barýan hoşniýetli daşary syýasatymyz esasynda hemişelik Bitaraplygymyza esaslanýan ençeme halkara çäreleriň bardygyny aýtmak bilen, şolaryň hatarynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji forumynyň hem-de Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň 6-njy duşuşygynyň aýratyn orun eýeleýändigini nygtady.

Ýurdumyzda geçiriljek bu möhüm syýasy çäreleriň ilkinjisi, ýakyn günlerde, 2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda Balkan welaýatynda, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda giňden ýaýbaňlandyrylar. Şol gün halkara derejesindäki çäreleriň birbada altysyny geçirmek meýilleşdirildi. Olar Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyndan, Merkezi Aziýa döwletleriniň zenanlarynyň dialogyndan, Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysady forumyndan, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň sergisinden, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň festiwalyndan, şeýle-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertinden ybarat bolar.

Awgust aýynda Türkmenistanda geçirilmegi göz öňünde tutulýan Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna, bu halkara forumlaryň çäklerinde guraljak ikitaraplaýyn duşuşyklara, sergilere, maslahatlara ykjam taýýarlyk görülýändigi bellenmäge mynasypdyr. Şol bir wagtda olaryň çäklerinde geçiriljek ikitaraplaýyn duşuşyklaryň jemleri boýunça degişli resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär.

Hazaryň kenarynda geçirilmegi meýilleşdirilen ykdysady forumyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek maksady bilen, degişli edaralar bilen bilelikde zerur bolan taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygyny, bu ugurda ähli tagallalaryň edilýändigini hem bellemek gerek.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň zenanlarynyň dialogyny ýokary derejede geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu çäräniň esasy maksady gender deňligini üpjün etmek boýunça Merkezi Aziýa ýurtlary tarapyndan durmuşa geçirilýän syýasata syn bermek, sebitiň döwletleriniň zenanlarynyň arasynda durmuş-ykdysady, saglygy goraýyş, medeni we ylmy ugurlar boýunça köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen gepleşikleri ilerletmek bilen bagly meselelere garamakdan ybarat bolar. Duşuşyga daşary ýurtlaryň wekilleriniň, şeýle-de BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Bu çäräniň çäklerinde oňa gatnaşjak myhmanlar üçin türkmen amaly-haşam sungatynyň, sebitiň halklarynyň milli tagamlarynyň sergisi, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy boýunça gezelençleriň guraljakdygy hem wajypdyr.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek forumlaryň çäklerinde Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna degişli meýdanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň sergisiniň guralmagy döwletleriň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan bu ýana-da giňeltmäge ýardam etjekdigi bellenmäge mynasypdyr. Serginiň çäklerinde dörediljek milli pawilýonlarda oňa gatnaşýan ýurtlaryň önümleri ýerleşdiriler, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şeýle-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň önümlerini görkezýän pawilýonlary ýerleşdirmek meýilleşdirilýär.

Bu möhüm çäreler geçirilýän wagtynda foruma gatnaşyjylara edilýän hyzmatyň ýokary derejede bolmagyny üpjün etmek babatda-da möhüm çäreleriň görlendigini, şoňa laýyklykda daşary ýurtly myhmanlary aragatnaşyk, ýokary tizlikli internet hyzmatlary, şeýle hem ulag serişdeleri bilen üpjün etmek boýunça ykjam taýýarlyk işleri alnyp barylýandygy hem bellärlikdir. Munuň özüniň biziň ata-babadan gelýän türkmen myhmansöýerliginiň özboluşly ýüze çykmasy boljakdygy şübhesizdir.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda boljak halkara forumlaryň çäklerinde guraljak sergileriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek üçin uly tagallalar edilýär. Bu guraljak çärelerde, sergilerde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten derejesiniň, halkymyzyň baý medeni mirasynyň, asyrlaryň dowamynda döredilen milli gymmatlyklaryň öz beýanyny tapjakdygy şübhesizdir.

Halkara çäreleriň düzüminde muzeý gymmatlyklarynyň, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisiniň, Türkmenbaşy şäherindäki Ruhyýet köşgünde hem-de “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky deňiz suw çüwdürimli seýilgähde Türkmenistanyň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konsertini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Bu aýdylanlaryň ählisi hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Awazadaky halkara çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriljekdigine güwä geçýär. Hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň, şol ýurtlaryň zenanlarynyň dialogynyň, olar bilen bagly çäreleriň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmeginiň aýratyn mana eýedigini, munuň Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa kenarynda ýerleşýän milli syýahatçylyk zolagynyň halkara hyzmatdaşlygyň ykrar edilen merkezine öwrülýändiginiň aýdyň subutnamasydygyny bellemek bilen, bu halkara çäreleriň sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine uly ynam bildirýär.

Bu ýerde boljak forumlarda we olar bilen baglanyşykly çärelerde oňa gatnaşyjy döwletleriň arasynda taryhyň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan dost-doganlyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan bu ýana-da depginli ösdürmäge degişli meseleleriň köp sanlysy ara alnyp maslahatlaşylar, dürli derejedäki duşuşyklar, gepleşikler geçirilip, möhüm ylalaşyklar gazanylar. Bu ýerde guraljak Merkezi Aziýa ýurtlarynda öndürilen önümleriň sergisinde, şol ýurtlaryň halklarynyň milli tagamlarynyň festiwalynda köpçülige görkeziljek zatlar bu halklaryň biri-birleri bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, biri-birlerinden tejribe alyşmaklaryna ýardam etse, onda Hazar deňziniň ekologiki taýdan arassa kenarynda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen döredilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň bilelikdäki baýramçylyk konsertiniň belentden ýaňlanmagy bu halklaryň ruhunyň bir bitewüdigini bütin dünýä jar eder. Ine, şu zatlaryň özi bolsa sebitde pugta parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň hem-de durnukly özüşiň dowamat-dowam bolmagynyň binýady bolup hyzmat edýär.

Sözümiziň ahyrynda dünýä ýaň saljak bu halkara çäreleriň ýokary gurmaçylyk derejesinde geçirilmegini arzuw edýäris. Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!

Atajan Burunow, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri, professor

“Ahal durmuşy” gazeti

04.08.2021 ý

 

tags: